AMAN GULMÄMMEDOW MILLI TEATR SUNGATYNY ESASLANDYRYJY

AMAN GULMÄMMEDOW  MILLI TEATR SUNGATYNY ESASLANDYRYJY

2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda Arkadag şäheriniň giň gerimli dabaralar bilen açylyp ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň durmuşynda, şol bir sanda halkyň medeni-ruhy dünýäsinde aýratyn ähmiýetli taryhy wakalara besledi. Şolaryň hatarynda A.Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň gurlup ulanylmaga berilmegi ýurdumyzyň teatr sungatynyň wekilleriniň kalplaryny buýsanja pürepürledi.

Arkadag şäheriniň merkezinde gurlan bu teatryň ak mermer bilen örtülen ajaýyp binasy görenleri gözelligine maýyl edýär.Onuň daş-töweregi gök baglar we suw çüwdürimleri bilen abadanlaşdyrylan meýdançalar bilen gurşalan.

Teatryň binagärlik keşbinde beýiklik, düýplülik we şol bir wagtyň özünde açyklyk dabaralandyrylýar.Bina 4 gatdan ybarat bolup, onuň 1-nji gatynda giň holy, 500 orunlyk tomaşaçylar zaly, döredijilik işgärleriniň netijeli işlemekleri üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilen iş we beýleki zerur otaglary bar.

Onuň içki bezeg işlerinde türkmen halkynyň milli binagärlik sungatynyň hem-de dünýä binagärliginiň döwrebap gazananlary, sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy tehnologiýalary, ylmyň soňky talaplary we ýokary binagärlik usullary ulanylypdyr.

Gözel diýarymyzyň jana şypaly howaly, owadan künjegine döredilen Arkadag şäheriniň gözelligine görk goşup oturan döwlet drama teatry Berkarar döwletimiziň güýç-kuwwatyny we ägirt uly ösüş mümkinçiliklerini bütin dünýä äşgär edýär.

Aslynda, türkmen halkynyň milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň egsilmez ylhamyndan dörän bu ajaýyp şäherde täze teatryň gurulmagy, kämil jemgyýetde ýaşaýan dörediji we gurujy nesillerimiziň arabaglanyşygynyň bütewi sazlaşygyny emele getirýär.Türkmen teatr sungatynyň ýaş nesilleriniň buýsanjyny artdyrýar.

Teatryň binasynda milli we häzirki zaman binagärliginiň ösen tejribeleri utgaşdyrylmagy, ata Watanymyzyň döwrebap ösüşleriniň we milliligimize goýulýan sarpanyň aýdyň nyşanydyr.Onuň ajaýyp binasy şan-şöhrata beslenen ata-babalarymyzdan bize ýadygär galan beýik işleriniň dowamy hökmünde halkymyza uzak ýyllaryň dowamynda hyzmat eder.

Teatrda türkmen halkynyň bagtyýar we abadan durmuşyny, berkarar Watanymyzyň beýik ösüşlerini, halkymyzyň milli gymmatlyklaryny, şan-şöhratly taryhyny wasp edýän Türkmenistanyň halk artisti G.Daňatarowyň Döwlet daragty atly eseri esasynda sahnalaşdyrylan oýun bilen dabaraly açyldy.

Täze teatr geljekde türkmen sungatyny ösdürmäge hem-de giňişleýin wagyz etmäge, artistleriň, režissýorlaryň, dramaturglaryň döredijilik gatnaşyklarynyň ýaýbaňlanmagyna we pugtalanmagyna, öz hünärlerini kämilleşdirmeklerine, täze ýaş zehinleriň ýüze çykmagyna saldamly goşandyny goşar.

Arkadag şäherinde gurlan täze drama teatryna türkmen teatr sungatynyň düýbüni tutujylaryň biri, meşhur artist, režissýor hem dramaturg, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi, SSSR-iň halk artisti, Döwlet baýragynyň eýesi A.Gulmämmedowyň adynyň dakylmagy aýratyn buýsançlydyr.

A.Gulmämmedow döredijilik bilen içgin meşgullanan ussatlaryň maşgalasynda dünýä inýär.Onuň ýanýoldaşy, çagalary, kakasy hem-de agasy ýurdumyza tanymal medeniýet we sungat ussatlarydyr.Kakasy Gulmämmet aga belli dutarçy hem-de zergär ussa bolupdyr.

Ol Türkmenistanyň halk bagşysy Sahy Jepbarowyň ilkinji halypasy, saz çalmagy hem aýdym aýtmagy öwreden ilkinji mugallymydyr.Ussat artistiň agasy Maşdy Gulmämmedow Mollanepes adyndaky akademiki döwlet drama teatrynyň direktory, režissýory bolup zähmet çekýär.

A.Gulmämmedowyň ýanýoldaşy Türkmenistanyň halk artisti Maral Gulmämmedowa opera aýdymçysy hökmünde tomaşaçylaryň hakydasyna ömürlik siňdi.Artistiň uly ogly Baýram Gulmämmedow teatr suratkeşi bolup işledi Ol Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri diýen hormatly ada mynasyp boldy.

Gyzy Maýa Gulmämmedowa hem Daşkent şäherinde ýerleşýän teatral çeperçilik institutyny tamamlap, ömür we döredijilik ýoluny teatr sungatyna bagyşlady.Kiçi ogly Myrat Gulmämedowyň hünäri boýunça tehniki işgär bolsa-da köp ýyllaryň dowamynda Türkmen döwlet gurjak teatrynda zähmet çekdi.

A.Gulmämmedow 1908-nji ýylyň 31-nji dekabrynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ýylgynly Käriz obasynda eneden dogulýar.Ol 1920-nji ýylda Gökdepede açylan mekdep-internatynda okaýar.Bu orta bilim berýän okuw jaýyny gutarandan soň, Aşgabatdaky Gündogar sungat mekdebine nakgaşçylyk hünäri boýunça okuwa girýär we bu ýerde 1 ýyl okaýar.

Soňra ol 1924-nji ýylda Aşgabatda açylan mehanizasiýa tehnikumyna okuwa girýär.Bu okuw mekdebinde teatr gurnagynda goýulýan sahna oýunlarynda çykyş edip başlaýar.Iki ýylyň dowamynda bu okuw mekdebiniň teatr gurnagy halk köpçüliginiň ünsüni özüne çekip başlaýar. Ýaş, gujurly hem zehinli artist A.Gulmammedow 1926-1929-njy ýyllarda türkmen teatr studiýasynda okaýar.

Okuwyny tamamlan soň, Türkmen döwlet drama teatrynda (häzirki Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatry) işe başlaýar.Onuň döredijiliginiň ilkinji basgançagy teatrda sahnalaşdyrylan Agaç kölegeleri atly spektaklda döreden çeper keşbi bolýar.

Teatrsöýüjiler ýaş artistiň döreden bu keşbine ýokary baha berýärler.Soňra ol A.Durdyýewiň Galyňsyzlar atly sahna oýnunda gerçek ýigidiň keşbini döredýär. 1930-njy ýyllarda teatryň sahnasynda goýlan Ş.Kekilowyň we H.Meläýewiň Garagum sährasynda atly sahna oýnunda Töre baýyň, Jenanyň, Şanama sahna oýnunda Şanyň, A.Karpowyň Kel atly sahna oýnunda Gurban çopanyň, A.Korneýçugyň Eskadronyň heläk bolmagy atly sahna eserinde Gaýdaýyň, W.Gogolyň Derňewçi oýnunda şäher häkiminiň keşplerini döredýär.

A.Gulmämmedow meşhur artist B.Amanow bilen G.Burunowyň ýazan gahrymançylykly, taryhy dramasynda Keýmir serdaryň keşbini döredýär.Ol 1937-1939-njy ýyllarda Moskwanyň M.Gorkiý adyndaky çeper akademiki drama teatrynda hem okaýar.

Bu okuwda ol režissýorçylyk, artistçilik işinde uly tejribe toplaýar.Teatrda işlän döwründe A.Gulmämmedow dürli wezipelerde teatryň çeper ýolbaşçysy hem-de teatryň direktory boldy.Teatrda artistlerine baştutan bolup, ülkämize öwran-öwran aýlandy.

Ol türkmen halkyna teatryň sahnasynda ilkinji taýýarlanylan sahna oýunlaryny görkezdi, adamlar bilen duşuşdy, olardan köp zat öwrendi, häsiýet döretmäge zerur bolan ýollary tapdy.Ol Beýik Watançylyk urşy döwründe frontda söweşýänlere konsert bermäge gitdi.

Göroglydan, Magtymgulydan goşgulary okap, Watan goragçylaryny gahrymançylyga ruhlandyrdy.Zehinli artistiň türkmen kino sungatynda hem bitiren hyzmaty uludyr.Dursun, Çopan ogly, Uzakdaky gelinlik, Maşgala, Gündogara tarap on ädim, Prokuror ýaly filmlerde surata düşen Aman aga ussatlygy bilen ýaşlara ýol görkezdi.

Diňe bir teatr ýa-da kino däl, eýsem tanymal artist dabaralary, şowhunlary geçirmäge hem içgin gatnaşdy.Köp pursatlarda olara režissýorlyk edip, ýaş artistlere sahnanyň syrlaryny öwretdi.Ol teatra ýolbaşçylyk eden döwründe, ýurdumyzyň ýazyjylary, şahyrlary bilen ysnyşykda bolup, olary teatra çekdi.

Ykbal, Ýanbermez Alžirli, Gyz salgydy we başga-da onlarça kyssa eserleriniň sahnalaşdyrylmagyna ýardam etdi.Halypa ömrüniň soňky ýyllarynda Türkmenistanyň teatr işgärleriniň birleşmesine hem ýolbaşçylyk etdi.

A.Gulmämmedow Molla Nasreddin Ependi-de Nasreddin Ependiniň, Lir şa-da Liriň, Magtymgulyda Magtymgulynyň, Aýgytly ädimde Çernyşewyň, Düşewüntli orunda Ýusowyň, Ykbalda Myrat aganyň çeper keşplerini ussatlarça döretmegi başardy.W.Şekspiriň Otello oýnunda Otellonyň keşbi A.Gulmämmedowa uly üstünlik, şöhrat-şan getirdi.

Onuň döreden Otellosyna dünýäniň belli teatr synçylary ýokary baha berip, artisti örän ezber sahna ussady hökmünde ykrar etdiler.Häzirki wagtda Angliýanyň London şäherinde ýerleşýän belli ýazyjy, dramaturg Wilýam Şekspiriň öý muzeýinde tanymal türkmen artisti A.Gulmamedowyň Otellanyň keşbindäki suraty ýerleşdirilip, ol sungaty söýüjilere egsilmez ruhy lezzet paýlaýar.

A.Gulmammedowyň teatr sahnasynda döreden keşpleri 250-den hem geçýär. Ol türkmen teatryna meşhurlyk getiren ilkinji artist, şeýle hem ýokary taýýarlykly režissýor, ýiti zehinli dramturg, ussat ýazyjy, teatr sungatynyň milli mekdebiniň düýbüni tutanlaryň biridir. Halypanyň öz döredijilik ýoly barada ýazan kitaplary häzirki wagta çenli ýaşlarymyz elden-ele geçirip okaýarlar.

A.Gulmämmedowa 1934-nji ýylda Türkmenistanyň at gazanan artisti, 1949-njy ýylda SSSR-iň halk artisti diýen hormatly at dakylýar. 1951-nji ýylda oňa G.Muhtarowyň Allan aganyň maşgalasy sahna oýnunda döreden keşbi üçin SSSR-iň Döwlet baýragy gowşurylýar. 1968-nji ýylda bolsa W.Iwanowyň Bronopoýezd 14-69 sahna oýnundaky Werşininiň keşbini döredendigi üçin Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi bolýar.

Ol Lenin ordeni, Zähmet Gyzyl baýdak ordeni, birnäçe medal, Türkmenistanyň hökümetiniň hormat hatlary bilen sylaglandy.

A.Gulmämmedowyň ýetişdiren, okadan, halypalyk eden şägirtleri türkmen teatr sungatynyň sütünleri bolup ýetişdiler. Olaryň arasynda Türkmenistanyň halk artistleri N.Allaberdiýew, E.Orazmyradowa, O.Abbasowa, B.Kerimow, Ç.Berdiýew, Ö.Gelenow we beýlekiler häzirki wagtda tanymal artistiň döreden milli teatr sungaty mekdebini dowam edip, öz şägirtlerini ýetişdirýärler.

Görnüşi ýaly, Täze teatr türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň ösüşiniň aýrylmaz bölegi hökmünde medeniýet ulgamyna berýän çäksiz ünsleriniň, uly aladalarynyň, teatrlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda amala aşyrýan beýik işleriniň aýdyň şaýadyna öwrülip, kalplarymyza şatlyk nuruny çaýýar.

Teatra ussat artist, ezber, režissýor, dramaturg A.Gulmämmedowyň adynyň dakylmagy, milli teatr sungatymyzyň sütünleriniň birine, ussat halypa goýlan uly hormatdyr.

Ýene degişli makalalar

Abrakadabra jadyly sözüň taryhy
Hasyl bolan arzuw
НАЦИОНАЛЬНЫЙ ЛИДЕР ТУРКМЕНСКОГО НАРОДА ПРОВЁЛ ОБЩИЙ УРОК ПО ИСТОРИИ СТРАНЫ, О ДОЛГЕ И ОБЯЗАННОСТЯХ МОЛОДОГО ПОКОЛЕНИЯ
Guýmagursak zehini ýatlap
Türkmenistanda Baş täze ýyl arçasynyň yşyklary ýakyldy
Özbegistanyň Horezm welaýatynyň sazly drama teatry Şasenem we Garyp atly sahna eseri bilen Aşgabatda çykyş etdi