Alžir, Nigeriýa we Niger Transsahara gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy boýunça işleri dikeltmek barada bilelikdäki memoranduma gol çekdiler. Bu barada Algeria Press Service habarlar gullugy habar berdi diýip, TASS ýazýar.
Memoranduma üçtaraplaýyn duşuşyk wagtynda gol çekildi, oňa Alžiriň energetika we şahtalar ministri Muhammad Arkab, Nigeriýanyň nebit ministri Timipre Silwa we Nigeriň nebit, energetika we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ministri Mahamane Sani Mahamadu gol çekdiler.
Uzynlygy 4 müň kilometr boljak magistral turbageçirijisi Nigeriýadan Alžire gazy daşamak üçin ulanylar. Ol ýerden tebigy gaz Alžir bilen Ýewropany birleşdirýän Transortaýer turbageçirijisi arkaly ýa-da suwuklandyrylan gaz görnüşinde Ýewropa eltiler.