Alžiriň Prezidenti Abdelmajid Tebbun öz ýurdunyň geljek ýylda BRIKS guramasyna agza bolmagyna umyt edýändigini habar berdi. Onuň sözlerine görä, Russiýa, HHR, GAR we Braziliýa eýýäm ýurduň bileleşige girmegini makullady. Bu barada RIA Nowosti habar berdi diýip, News.ru ýazýar.
Alžiriň BRIKS-e, ýagny Braziliýanyň, Russiýanyň, Hindistanyň, Hytaýyň we Günorta Afrika Respublikasynyň döwletara bileleşigine girmek barada arza bilen ýüz tutandygyny öň ýurduň DIM-niň halkara hyzmatdaşlygy boýunça ýörite wekili Leýla Zaruki habar beripdi. Ol guramanyň iýunda geçen sammitinde Russiýa bilen Hytaýyň respublikanyň gurama agza bolmak barada meýlini goldandygyny belledi.
Afrikanyň işewürlik başlangyjy bileleşiginiň edarasynyň ýolbaşçysy, Waldaý klubynyň bilermeni Natalýa Saýzer Alžiriň bu gurama agzalyga ymtylmagyny beýleki guramalarda içki düşünişmegiň we birek-birege hormatyň ýetmeýändigi bilen düşündirdi, onuň sözlerine görä, Afrika yklymyndan ýene bir döwletiň BRIKS-e agza bolmagy bileleşigi has-da berkider.