Alžiriň Prezidenti Abdelmajid Tebbun öz ýurdunyň geljek ýylda BRIKS guramasyna agza bolmagyna umyt edýändigini habar berdi. Onuň sözlerine görä, Russiýa, HHR, GAR we Braziliýa eýýäm ýurduň bileleşige girmegini makullady. Bu barada “RIA Nowosti” habar berdi.
-2023-nji ýyl Alžiriň BRIKS-e goşuljak ýyly bolar diýip, Tebbun belledi.
Alžiriň BRIKS-e, ýagny Braziliýanyň, Russiýanyň, Hindistanyň, Hytaýyň we Günorta Afrika Respublikasynyň döwletara bileleşigine girmek barada arza bilen ýüz tutandygyny öň ýurduň DIM-niň halkara hyzmatdaşlygy boýunça ýörite wekili Leýla Zaruki habar beripdi. Ol guramanyň iýunda geçen sammitinde Russiýa bilen Hytaýyň Respublikanyň gurama agza bolmak barada meýlini goldandygyny belledi.
Alžiriň lideri Abdelmajid Tebbun ýaňy ýakynda ýurduň BRIKS-e girmäge taýýardygyny yglan etdi we munuň üçin ähli şertleriň diýen ýaly bardygyny aýtdy.
“Afrikanyň işewürlik başlangyjy” bileleşiginiň edarasynyň ýolbaşçysy, “Waldaý” klubynyň bilermeni Natalýa Saýzeriň aýtmagyna görä, Afrika yklymyndan ýene bir döwletiň BRIKS-e agza bolmagy bileleşigi has-da berkider.