Netijede, metalyň nyrhy bir tonna üçin 2697,5 ABŞ dollaryna deň boldy diýip, TASS habar berdi.
Londonyň metallar biržasynda (LME) geçen söwdalaşyklarda alýuminiň bahasy 2021-nji ýylyň 21-nji dekabryndan bäri ilkinji gezek bir tonna üçin 2,7 müň ABŞ dollaryndan aşak düşdi.
Emma günortan söwdalaşyklaryň barşynda nyrhyň peselmegi haýallap, alýumin bir tonna üçin 2715 ABŞ dollaryndan satyldy.
Ýeri gelende aýtsak, martyň başynda bu metalyň bir tonnasy taryhy rekordy täzeläp, 4074 ABŞ dollaryna ýetdi.