Milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ulag ulgamy döwrebap derejede ösdürilýär.Milli Liderimiziň bu ugurda öňe sürýän halkara başlangyçlary esasynda köp şahaly multimodal ulag geçelgelerini döretmek babatda degişli işler durmuşa geçirilýär.
Geçen ýyl iş ýüzünde durmuşa geçirilip başlanan Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe ugry boýunça “Lapis Lazuli” taslamasy uly meşhurlyga eýe boldy.Bu ugur arkaly ilkinji ýük kerwenleri geçdi.
Häzir bolsa, bu dostlukly ýoldan welosipedli ýöriş alnyp barylýar.Owganystan Yslam Respublikasynyň welosiped federasiýasynyň gurnaýan ýörişi “Agzybirlik we abadançylyk” şygary astynda geçýär. Şu ýylyň 19-njy aprelinde owgan topragyndaky Hyrat şäherinden badalga alan welosiped ýörişi biziň döwletimiziň çäginden hem geçdi.
Bu welosiped marafonyna gatnaşýan owgan welosipedçiler topary ilki bilen Mary, soňra Ahal welaýatlarynyň çäginden geçip, Balkan welaýatyna bardylar.Türkmen we owgan döwletleriniň baýdaklaryny parladyp gelýän welosipedçiler ýoluň ugrundaky ýurdumyzyň gözel künjekleri, şol sanda sport maksatly binalar bilen tanyşdylar.“Lazurit ýoly” diýlip atlandyrylan toparyň umumy geçmeli ýoly 4147 kilometre barabar.
Olar biziň ýurdumyzdna soňra Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherine şol ýerdenem Gruziýanyň üsti bilen marafonyň ahyrky nokady bolan Türkiýe Respublikasyna bararlar.Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan- Gruziýa-Türkiýe ulag geçelgesi ugurdaş bilermenleriň pikirine görä, Aziýa yklymy üçin ykdysady taýdan has wajyp geçelgeleriň biridir.
Häzirki zaman ulag düzüminiň gurluşygy we “Lazurit” geçelgesiniň doly güýjünde hereket etmegi haryt öndürijileriň işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün eder.
Hakberdi NURYÝEW,S. A. Nyýazow adyndakyTOHU-nyň mugallymy.