Alymlar yssy sebäpli ýaşaýyş üçin ýaramsyz boljak sebitleri agzadylar

Alymlar yssy sebäpli ýaşaýyş üçin ýaramsyz boljak sebitleri agzadylar

ABŞ-nyň Perdýu uniwersitetiniň alymlary ýene birnäçe ýyldan Günbatar Afrika, Günorta Aziýa hem ABŞ-daky Orta Günbatar sebitleriniň howanyň üýtgemegi sebäpli adamyň ýaşamagy üçin howply boljakdygyny kesgitlediler. Bu barada CNN neşirine salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.

Barlag topary Ýerde howanyň üýtgemegi hem-de çakdanaşa yssy akymlary barada maglumatlary peýdalanmak bilen, golaý ýyllarda howanyň sowamagyna garaşyp oturasy iş ýok diýen pikire geldiler. Tersine, howa gitdigiçe gyzyp, ýokary çyglylyk bilen utgaşyklylykda, adamlaryň köp bölegi üçin ýaşamaga agyr we howply şertleri döreder. Gijelerine hem yssy bolar, bu bolsa, adam bedenine gündizki yssydan soňra özüni dürsemäge mümkinçilik bermez.

Ilatyň çakdanaşa gürlügi hem-de salkyn howa üçin çäkli mümkinçilikleriň bardygy sebäpli, Günbatar Afrika we Günorta Aziýanyň käbir sebitleri iň howply ýagdaýda bolmagynda galýar. ABŞ-nyň käbir bölekleri, Orta Günbatary hem goşmak bilen, çygly yssy zolaklar dörär diýip, alymlar belleýärler.

Alymlar tehnologiýalara elýeterliligi bolan ösen ýurtlarda yssyny geçirmegiň ýeňil düşjekdigini nygtaýarlar, emma bu-da ýeterlik derejede däldir. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maglumatlaryna laýyklykda, yssy howa her ýyl dünýäde 489 ölüme sebäp bolýar. Emma howa bilen adamyň saglygynyň arasyndaky baglanyşygyň doly kesgitlenmändigi sebäpli, pidalaryň anyk sanyny bilmek başartmaýar.

Kaliforniýa uniwersitetiniň ýylylyk barlaglary laboratoriýasynyň ýolbaşçysy Bharat Wenkat adam bedeniniň howply şertlerde öz-özüni sowatmaga ýeterlik ukyply däldigini belleýär. Yssy hem-de ýokary çygly howa ilkinji nobatda adamyň ýürek-damar ulgamyna hem-de beýnisine ýaramaz täsir edýär diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.

Ýene degişli makalalar

BSGG: güýçli ses saglyk üçin zyýanly
BSGG: goh-galmagal adam saglygy üçin howply
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BITARAPLYK BINASYNA GÜL GOÝMAK DABARASYNA GATNAŞDY
Sagdyn jemgyýet kuwwatly döwlet
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna operasiýalar geçirildi
BSGG Ýewropada 2000-nji ýyldan bäri çakdanaşa yssy sebäpli pida bolýanlaryň artandygyny habar berdi