Alymlar ýowuz eýýamyň golaýlaýandygyny duýdurýarlar

Alymlar ýowuz eýýamyň golaýlaýandygyny duýdurýarlar

Öňdäki üç ýylyň dowamynda Arktika buzluklardan doly azat bolup biler, bu bolsa, öz gezeginde, planetanyň ýaşaýjylary üçin ýowuz eýýam bolar. Bu barada alymlaryň ylmy-barlaglaryna salgylanýan Daily Mail neşiri habar berdi diýip, vfokuse.mail.ru ýazýar.

Kompýuter arkaly geçirilen simulirlemelere laýyklykda, 300-den 9 ýagdaýda alnan netijeler Arktikada buzluksyz ilkinji gün adamyň işine garamazdan, ýene üç ýyldan bolar.

Şunda bu ylmy-barlaglaryň netijesinde alnan netijeler esasynda alymlar Arktikadaky buzluksyz ilkinji günüň parnik gazlaryň howa taşlanýan galyndylarynyň möçberine seretmezden, ýene 9-20 ýyldan gürrüňsiz geljekdigini nygtaýarlar.

Alnan netijelere esaslanýan alymlaryň aýtmagyna görä, adatdan daşary howa hadysalarynyň tapgyry gysga wagtda ol ýerdäki buzluklaryň 1 million 200 müň inedördül kilometrini eredip biler.

Ýagdaýa howanyň maýlamagy güýçli täsir edýär. Mysal üçin, 2024-nji ýyl Arktikada synlamalaryň bütin taryhynda iň yssy ýyllaryň bolup biler.

Alymlar arktika buzlugynyň ýok bolmagynyň howa üýtgemeleri sebäpli Ýeriň ekoulgamyna we klimatyna güýçli täsir etjekdigini kesgitlediler. Mysal üçin, Arktikanyň buzluksyz galmagy sebäpli, Italiýanyň günortasynda howa −20 gradusa çenli sowar ýa-da Skandinawiýada güýçli tokaý ýangynlary bolar.

Ýene degişli makalalar

Daşary ýurt metbugatyna syn
Soňky 146 ýyldaky iň maýyl ýyl
Näme üçin Täze ýylda arça bezelýär?
Bagtly bolmagyň Skandinaw usuly
Sagdyn durmuş ýörelgesi — her bir raýatymyzyň saglyk berkligi
Sagdyn durmuş ýörelgesi her bir raýatymyzyň saglyk berkligi