Ýeriň aýlanyşy, geçen ýyldaky tizligi bilen deňeşdirilende, 2021-nji ýylyň ikinji ýarymynda haýallady. Bu barada Ýeriň aýlanyşy we hasaplama ulgamlary boýunça halkara gullugyna (IERS) salgylanyp, teleport2001.ru habar berdi.
Şeýlelik bilen, alymlar planetanyň gündelik aýlanyşynyň ýylyň dowamynda dürli tebigy hadysalar sebäpli hem üýtgäp durýandygyna ünsi çekdiler.Diýmek, Ýer titremeleri, daşgynlar we gaýtgynlar hem Ýeriň aýlanyşyna täsir edýär. 2020-nji ýylda planeta günde çak edilýän 86,400 sekuntdan has çalt aýlandy.
Iň gysga gün 1,4602 millisekunt çalt dowam eden 19-njy iýul boldy.Emma eýýäm 2021-nji ýylda planetanyň aýlanmasy haýallady. Ýeriň bir doly aýlawynyň ortaça görkezijileri 0,5 millisekunt azaldy.
Ýewropa kosmos gullugynyň Halkara kosmos stansiýasynda ýerleşýän kosmonawty Tomas Peskiň güýçli Gün alawlarynyň täsirini görkezýän wideony ýazgy edendigi Jemgyýetçilik habarlary gullugy tarapyndan habar berildi. Ondan görnüşi ýaly, 31-nji oktýabrda X derejeli gün şöhlesinden soň Ýeriň magnitosferasynda magnit tupany başlandy diýip, çeşme belleýär.