E.Lourens adyndaky Liwermor milli barlaghanasynyň derňewçiler topary Ýerde suwuň nähili ýüze çykandygyny düşündirdiler. Bu barada Phys.org ýazýar.
Ýer-Aý ulgamy Gün ulgamynyň taryhynyň has irki tapgyrynda iki uly jisimiň çaknyşmagy netijesinde döräpdir. Ýeriň üstüniň, takmynan, 70%-iniň suw bilen örtülendigine garamazdan, planeta köp sanly beýleki kosmos obýektleri bilen deňeşdirilende gury ýerdir.
Umumy kabul edilen pikire görä, Ýerde we Aýda uçýan maddalaryň (suw ýaly) ýetmezçiligi uçýan elementleriň ätiýaçlyklaryny ýok eden güýçli urgy bilen baglanyşyklydyr. Ýöne Aý topragynyň izotop seljermesi milliardlarça ýyl mundan ozal çaknyşyp, häzirki Ýeri we Aýy emele getiren kosmos obýektlerinde heniz urgudan öň uçýan elementleriň derejesiniň örän pes bolandygyny görkezdi. Ýer ýa-ha biziň häzir görýän we ulanýan suwumyz bilen döräpdir, ýa-da ony esasan, arassa suwdan ybarat bolan haýsydyr bir obýekt urupdyr diýip, alymlar hasaplaýar.
Täze gözleg Ýerde suwuň ähtimal çeşmesi hökmünde meteoritleri ýa-da asteroidleri aradan aýyrýar we “planetanyň suw bilen dörändigi” baradaky pikiri öňe sürýär diýip, kosmohimik Greg Brenneka aýtdy.Gözlegçiler suwuň Ýeriň emele geliş tapgyrynda bolandygyny, ýagny onuň kosmos obýektleri tarapyndan getirilmändigini çaklaýarlar.