Alymlar Awstraliýanyň kenarlarynda dünýädäki iň uly ösümligi öz-özüni köp gezek klonlamak arkaly ösen we 180 km2 meýdany eýelän suwotuny ýüze çykardylar. Bu barada Associated Press agentligi habar berýär diýip, interfax.ru belleýär.
Genetiki seljerme tapylan ýaşyl suwotularyň suwasty meýdanlarynyň 70 inedördül mil (180 inedördül kilometr) meýdany eýeleýän we 4500 ýyl bäri öz-özüni klonlaýan bir organizmdigini görkezdi.Derňew “Proceedings of the Royal Society B” žurnalynda neşir edildi.
Alymlar tutuş hana boýunça nusgalary alyp we suwotularyň baldaklarynyň DNK-syny deňeşdirip, otlugyň bir organizmdigini tassykladylar diýip, Günbatar Awstraliýa Uniwersitetinden derňewe gatnaşan deňiz biology Jeýn Ejlou ýazýar.Dürli ösümlikler we käbir haýwanlar jyns taýdan köpelip bilýärler.
Bir organizmiň klony bolmagynyň kesellere ýokary duýgurlyk ýaly kem taraplary bar, ýöne “bu proses çalt ösüşe ýardam edip, “umyt beriji nägehany” döredip bilýär” diýip, alymlar ýazýar.Alymlar bu tapyndyny “Ýer ýüzündäki meşhur klonlaryň iň ulusy” diýip atlandyrýarlar, sebäbi ol Waşingtondan hem uly meýdany eýeleýär.
Suwotulardan ybarat otluk uly bolsa-da, ejizdir.On ýyl mundan ozal suwotular has uly meýdany eýeleýärdi, ýöne siklonlar we klimatyň üýtgemegi bilen bagly ummanyň temperaturasynyň ýokarlanmagy ýakynda suwotularyň garry gatlagynyň tas ondan bir bölegini ýok etdi.