Howanyň düzümindäki tozan golaý ýyllarda koronawirus döwründäkiden hem köp adamy heläk edip biler diýip, Habar 24 ýazýar.
Daniýanyň iň baýry ylmy merkezleriniň biri bolan Orhus uniwersitetiniň alymlary şeýle netijä geldiler. Göwrümi 2,5 mikrometrden uly bolan tozan bölejikleri dem alyş ýollary arkaly adam organizmine düşüp, birgiden kesellere sebäp bolýar, olaryň arasynda ýüregiň işemiýa keseli hem bar diýip, alymlar belleýärler.
Eýýäm häzir tozan bilen bagly wagtyndan öň ölümlilik her ýyl 4 million adama deňdir. Golaý ýyllarda bu görkeziji iki esse artyp biler.
Şeýle tozanyň esasy sebäbi tokaýlaryň ýanmagy we senagat kärhanalarynyň işi sebäpli döredýän gurum bolup durýar. Alymlar ölümliligiň artmagynyň ýene bir sebäbi hökmünde howada ozonyň kadadan ýokary toplanmagyny görkezýärler.