Alymlar: soňky 40 ýylda aýdymlaryň sözleri ýönekeý we birmeňzeş boldy

Alymlar: soňky 40 ýylda aýdymlaryň sözleri ýönekeý we birmeňzeş boldy

Alymlar soňky 40 ýylda aýdymlaryň sözleriniň düşünmek üçin aňsat bolandygy barada netijä geldiler, olaryň söz baýlygy hem pese gaçdy. Bu barada MIR 24 ýazýar.

Hünärmenler munuň üçin rep, kantri, pop, ritm-n-blýuz we rok görnüşlerindäki iňlis dilli aýdymlaryň tekstlerini seljerdiler. Ähli aýdymlar 1980-2020-nji ýyllar aralygynda goýberilipdir.

Birinji tapgyrda 350 müňden gowrak aýdymy öwrenenlerinde, alymlar tekstleriň kesgitli bir döwre we görnüşe degişli häsiýetnamalaryny seljerdiler. Soňra olar 12 müň aýdymyň mysalynda ýüze çykarylan häsiýetnamalar bilen aýdymlaryň meşhurlygynyň arasyndaky baglanyşygy barladylar.

Alymlar aýdymlaryň sözleriniň ýönekeýleşmegini ony iş bilen güýmenilýän wagty goşmaça fon hökmünde diňlenilýändigi bilen baglaýarlar. Ýagny hiç kim aýdymy üns berip diňlemeýär.

Ylmy-barlaglaryň dowamynda aýdymlaryň sözleriniň has duýguçyl we şahsy häsiýetli bolandygy anyklandy, olarda gahar-gazap bilen bagly sözler hem köpeldi diýip, Scientific Reports neşiri habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Mary welaýatynda döwrebap arassaçylyk we epidemiologiýa merkezi açyldy
Adam — jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy
Türkmenistanyň Prezidenti ýokanç keselleri hassahanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy hem-de saglygy goraýyş ulgamyny has-da ösdürmek boýunça wezipeleri kesgitledi
13.11.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti ýokanç keselleri hassahanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy hem-de saglygy goraýyş ulgamyny has-da ösdürmek boýunça wezipeleri kesgitledi
Dünýä habarlary gysga setirlerde
14.09.2019 | President of Turkmenistan congratulates construction workers, power engineers and public utilities workers on their professional holiday