Hytaýdan we Beýik Britaniýadan ylmy hünärmenler derňew geçirip, orta we uly ýaşdaky adamlar üçin iň amatly uky dowamlylygyny anykladylar. Bu bir gije-gündiziň dowamynda ýedi sagatdyr. Ukynyň ýetmezçiligi hem-de “aşa köp ýatmak” adamyň saglygy üçin deň derejede zyýanly bolup, psihikanyň bozulmagyna sebäp bolup bilýär. Alymlaryň işi barada Britaniýanyň “The Guardian” neşiri habar berdi.
Kembrijde we Fudan uniwersitetinde işleýän hünärmenler 500 müň töweregi adamyň saglyk ýagdaýy baradaky maglumatlar bazasyny deňeşdirip, uly göwrümli iş geçirdiler. Şeýlelikde, bir gije-gündiziň dowamynda ýedi sagatlyk uky 38 ýaşdan 73 ýaşa çenli adamlar üçin iň gowy wariant boldy.
Ondan az ýa-da köp uky beýniniň kadaly işini bozup biler.Alymlar öz işlerinde ukynyň kelle beýnisiniň her bir bölegine edýän täsirine baha bermek üçin Britaniýanyň biobankynyň maglumatlaryny ulandylar.
Ukynyň ýetmezçiligi, esasan, adam ýady bilen baglanyşykly gippokampyň töweregine täsirini ýetirýär.Günde ýedi sagatdan az ýatýan adamlar kognitiw synaglardan ýaramaz baş alyp çykdylar.Hünärmenler iş günleri 5-6 sagat uky bilen dynç günleri köp ýatmak endigini gezekleşdirmän, bir gije-gündiziň dowamynda durnukly 7 sagat ýatmagy maslahat berýärler.