Alymlar plastik zäherleriň howany hapalamagyndan çekilýän ählumumy ýitgini hasapladylar

Alymlar plastik zäherleriň howany hapalamagyndan çekilýän ählumumy ýitgini hasapladylar

Amerikanyň Ahmertdäki Massaçusets uniwersitetiniň alymlary daşky gurşawyň plastikde duşýan himiki zäherlerden hapalanmagynyň ählumumy ykdysady ýitgilerini hasapladylar. Ylmy barlaglaryň netijeleri Proceedings of the National Academy of Sciences (PNAS) žurnalynda çap edildi diýip, Gazeta.ru ýazýar.

Hünärmenleriň sözlerine görä, polimer önümleriň düzüminde 16 müňden gowrak himikatlar bolup, olar önüme reňk bermek, berklik we uzak wagta ýaramlylyk üçin peýdalanylýar. Emma olaryň adam saglygyna täsiri welin, ýaramaz öwrenilendir.

Alymlar täze ylmy barlaglarda esasy üç himiki zäherlere A bisfenola, Di (2-etilgeksil) ftalata we polibromlanan difenil efirlerine ünsi çekdiler. Olar azyk harytlarynyň gaplarynda, sintetiki matalarda, elektronikada we beýleki durmuş harytlarynda duşýar.

Atlary getirilen himikatlaryň ilkinjisi endokrin ulgamynyň kesellerine, diabete we jynsy sökelliklere täsirlidir.Ikinji himikatlar ýürek-damar ulgamynyň kesellerine we ösüşiň ýaramazlaşmagyna täsir edýär. Üçünji himikat bolsa, neýrotoksin täsirine eýe bolup, çagalaryň akyl ösüşini ýaramazlaşdyrýar.

Ylmy barlaglarda bu himiki jisimleriň 2015-nji ýylda saglyga we ykdysadyýete täsiriniň käbir görnüşlerine baha berildi.Görlüp oturylsa, bu hapalaýjylaryň saglyga täsirinden jemi ykdysady ýitgiler wagtyndan ir ölümiň, ötüşen keselleriň we akyl ösüşiniň (IQ) peselmegine baglylykda, ýylda 1,5 trillion dollara deň bolupdyr.

Şunda A bisfenol zäherli jisimi sebäpli ýürek-damar kesellerinden 5,4 mln we insultdan 346 müň adam heläk bolup, jemi 431 müň adamyň ölümine getiripdir. Di (2-etilgeksil) ftalatyň täsirinden 164 müň adam wagtyndan ir ýurduny täzeläpdir, polibromlanan difenil efirleriniň täsiri netijesinde täze doglan çagalarda IQ babatda 11,7 mln ball ýitirilipdir.

Alymlar plastmassa taýýarlananda ulanylýan 16 müň himiki jisimleriň 70 göterimden gowragynyň zäherliliginiň henize çenli öwrenilmändigini belleýärler.

Ýene degişli makalalar

Zeminde janly görnüşleriň iň köp ýaşaýan ýeri kesgitlendi
Marsyň çuňluklarynda gizlin ummanlar tapyldy
Tebigatyň täze kanuny öňe sürüldi
Tokaýlaryň çapylmagy sebitiň temperaturasyna uly täsir edýär
Alymlar adamlaryň ümsümligiň sesini eşidýändiklerini subut etdiler
Alymlar günüň dowamlylygynyň uzalmagynyň sebäbini anykladylar