Alymlar otag gülleriniň bakteriýalary we toksinleri ýok edýändigini aýdýarlar

Alymlar otag gülleriniň bakteriýalary we toksinleri ýok edýändigini aýdýarlar

Otag ösümlikleriniň öýüň howasyna oňyn täsir edýändigi ozaldan hem mälim. Ýöne kömürturşy gazyny özüne siňdirip, öýüň kislorod çeşmesi bolmakdan başga, otag ösümlikleriniň haýry kän eken.

Biologiýa ylymlarynyň doktory, Moskwa Döwlet uniwersitetiniň Botanika bagynyň müdiri Wladimir Çub Sputnik radiosyna beren interwýusynda otag gülleriniň öýüň ýyladyş ulgamyna hem uly täsiriniň bardygyny aýtdy. Şol bir wagtyň özünde mirt we bibariya ýaly otag gülleri hoşboý ysy we fitonsidal täsiri bilen öýdäki bakteriýalary ýok edip bilýär.

Otag gülleriniň arasynda kükürtli birleşmelerdir azot oksidlerini özüne siňdirip bilýänleri hem bar. Alymyň pikirine görä, bu täsir çalt ösýän ösümlikler üçin häsiýetlidir. Şeýle gülleriň çalt ösmäge bolan ukyby howadan köp zady özüne siňdirmegine ýardam edýär.

Şeýle hem biolog otag gülleriniň ýapraklaryny ýuwmalydygyny, olaryň howany arassalap bilmegi üçin üstündäki tozanlary aýyrmalydygyny aýdýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde aspiranturada we doktoranturada täze hünärler açyldy
Pissäniň tejribe nusgalary Botanika bagynyň alymlaryny ýokary hasyllylygy bilen begendirdi
Hasyl toýunyň öňüsyrasynda AST-daky özgertmere bagyşlanan ylmy duşuşyklaryň tapgyry geçirildi
Çöllük ýerleri özleşdirmek meseleleri we daşary ýurtlarda geçirilen ylmy barlaglara syn pudaklaýyn žurnalyň sahypalarynda beýanyny tapdy
Paýtagtyň ýylylyk üpjünçiligi bökdelýär
Ýene-de Şammy. Aşgabatdaky meşhur baryň müşderileri 'ýegeniň' gazabyna duçar boldy