Alymlar omikronyň näderejede howpludygyny anykladylar

Alymlar omikronyň näderejede howpludygyny anykladylar

Koronawirusyň omikron ştammy COVID-19-yň beýleki ştammlary bilen deňeşdirilende, öýkene has az zyýan ýetirýärler. Waşington uniwersitetiniň, Medisondaky Wiskonsin uniwersitetiniň we Tokio uniwersitetiniň lukmançylyk fakultetiniň amerikaly we ýaponiýaly alymlary şeýle netijä geldiler. Barlagyň netijeleri Research Square žurnalynda neşir edildi.

Omikron keseliň o diýen agyr bolmadyk görnüşine getirýär diýip alymlar hasaplaýar.Alymlar bu netijäni syçanlarda we alakalarda geçirilen tejribelerden aldylar.Omikron bilen kesellän haýwanlar kesel wagtynda has ýeňil alamatlary başdan geçirdiler we agram ýitirmek meselesine seýrek duçar boldular.

Terapewtiki immunologiýanyň we ýokanç keselleriň Kembrij institutynyň alymlary hem öň omikron ştammynyň delta ýa-da koronawirusyň beýleki görnüşleri ýaly howply däldigini beýan edipdiler.

Ýene degişli makalalar

100 ýyldan soň gaýtarylan kitap
Naharyň tagamyny bilýän robot
Kadaly uky näçe sagat bolmaly?
Gartaşan adamlara näçe wagtlyk ukynyň gerekdigi belli edildi
Ýamaýkanyň häkimiýetleri ýurdy Respublika diýip yglan etmekçi
Kembrij sözlügi 2021-nji ýylyň sözüni yglan etdi