Alymlar Mesopotamiýanyň toýun tagtajyklarynda geljek barada çaklamalary tapdylar

Alymlar Mesopotamiýanyň toýun tagtajyklarynda geljek barada çaklamalary tapdylar

Wawilon döwrüniň gadymy toýundan edilen tagtajyklarynda dürli ölüm howply elhenç bilgiçlik duýduryşlary ýazylypdyr. Bu barada Live Science portalyna salgylanýan Regnum.ru neşiri ýazýar.

London uniwersitetiniň professory Endrýu Jorj we garaşsyz ylmy barlagçy Junko Taniguçi ahyry gadymy şumet-akkad sinehatlaryny okamagy başardylar, olar mundan ýüz ýyl öň Yragyň çäginden tapylan toýun tagtalaryň ýüzüne beýan edilipdir.

Tapyndylaryň öz ýaşy bolsa, 4 müň ýyla deň bolup, Mesopotamiýanyň iri şäherleriniň biri bolan Sippar şäherinde ele salnypdyr. Toýun tagtalar häzir Britan muzeýinde saklanýar, emma oňat ýagdaýdadygyna garamazdan, olary henize çenli okamak başartmaýardy.

Alymlar tapyndylaryň ýüzündäki ýazgylaryň adamzadyň taryhynda Aý batmagy bilen bagly iň irki ýazuwlardygyny belleýärler. Olary ýazanlar bilgiçlik üçin köpdürli tebigy hadysalardan, mysal üçin, kölegeleriň hereketinden, Aý batmagynyň wagtyndan we dowamlylygyndan ugur alypdyrlar. Wawilonyň ýaşaýjylary Aýyň batmagy öňde boljak dürli derejeli ölüm howply wakalary, hökümdarlaryň ölümini, ýokanç keselleri we şäherleriň ýumrulmagyny duýdurýar diýip ynanypdyrlar.

Alymlar Mesopotamiýanyň ýaşaýjylarynyň geljegi gorag däp-dessurlarynyň kömegi arkaly özgerdip boljakdygyna ynanypdyrlar diýip, belleýärler.

Ýene degişli makalalar

Emeli aňa Wawilon ýazgylaryny okamagy öwretdiler
Altyndepe ösen senetçiligiň we ybadathanalaryň merkezidir
Alymlar: internet adamyň aňyna zyýan ýetirmeýär
29.11.2018 | Jemgyýetçilik ösüşiniň bähbidine ylmyň we işewürligiň hyzmatdaşlygy
Jemgyýetçilik ösüşiniň bähbidine ylmyň we işewürligiň hyzmatdaşlygy