Alymlar Marsdaky uly kölüň fotosuraty bilen tanyşdyrdylar

Alymlar Marsdaky uly kölüň fotosuraty bilen tanyşdyrdylar

Alymlar Mars planetasynda öň bolan uly kölüň ýeriniň täze fotosuratlaryny tanyşdyrdylar. Ol ylymda Eridaniýa diýen at bilen mälimdir. Bu kölüň meýdany bir million inedördül kilometre deň bolupdyr. Köl öz göwrümi babatda Ýerde belli bolan islendik kölden uludyr. Eridaniýanyň suwy Kaspiý deňzini üç gezek doldurmaga ýeterdi diýip, MIR 24 ýazýar.

Köl mundan 3,7 milliard ýyl öň bolupdyr diýip hasaplanýar. Gurandan soňra ol birnäçe iri suw howdanlaryny döredip, ahyrda doly gurapdyr.

Häzir kölüň düýbünde birnäçe belentlikler ýerleşýär, olar bütin planeta çäge ýaýradan Mars şemallary netijesinde dörän bolmagy mümkin. Çägeligi suw basyp, köl soňra ýene gurapdyr.

Ýene degişli makalalar

Çägeden heýkel ýasamak festiwaly geçirilýär
Bagdady çägeli harasat basdy
Dagystanly şahyryň Garagum derýasy baradaky goşgusy türkmen metbugatynda çap edildi
Müsüri çägeli harasat, çabga we tupan basdy
Türkmenistan süýşýän çägelere garşy göreşýär. Gaz ýatagynyň işgärleri gamyşdan böwet örýär
Dünýä habarlary gysga setirlerde