Alymlar iýmitiň zaýalanmagynyň öňüni alýan bioaktiw paket (torba) döretdiler

Alymlar iýmitiň zaýalanmagynyň öňüni alýan bioaktiw paket (torba) döretdiler

Alymlar iýmitiň zaýalanmagyna sebäp bolýan bakteriýalary öldürýän paket döretdiler. Bu barada cursorinfo.co.il habar berdi.

Iýmitiň zaýalanmagy durmuşda hemmeleriň ýüzbe-ýüz bolýan ýakymsyz meseleleriniň biri bolup durýar. Alymlar bu meseläni çözmek maksady bilen, bakteriýalaryň iýmiti zaýalamagyna päsgel berýän ýörite bioaktiw paket döretdiler.

Geljekde plastmassanyň ornuny tutmagyna umyt bildirilýän bioaktiw kagyzlaryň nusgalary Fraunhofer Gözleg institutynda işlenip taýýarlanylýar. Artykmaçlyklarynyň biri hökmünde, onuň bir gezeklik däldigi bellenilýär.

Pakediň içki ýüzi tebigy mumuň gyryndysy bilen örtülendir. Bu gatlak howa geçirmeýär we suw geçirmeýän päsgelçilik döredýär, şeýle hem doňandan soň hem düzümini üýtgetmän saklaýar. Torbanyň içini örtmek üçin ulanylýan suwuk maddanyň düzüminde iýmit üçin howpsuz diýlip ykrar edilýän antibakterial beloklaryň hem bardygy bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Russiýada Bolan Uçar Heläkçiliginde 2 Adam Ýogaldy
Indoneziýada Gelen Sil Sebäpli 67 Adam Ýogaldy
Eýrandaky sil apatynda ýedi adam ýogaldy
25-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
Indoneziýadaky ýer süýşgüninde ýogalan adamlaryň sany artdy
5-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Şwed alymlary: ukusyzlyk adamy bäş ýyl garradýar