Alymlar howadan ýangyç öndürýän enjam döretdiler

Alymlar howadan ýangyç öndürýän enjam döretdiler

Täze enjam çygy toplaýar we ony wodoroda hem-de kisloroda bölýär diýip, News.mail.ru ýazýar.

Wodorod arassa ýangyjyň iň ygtybarly çeşmesidir, ol zyýanly zyňyndylary bölüp çykarmaýar, şeýle-de Gün, ýel we daşgyn çeşmelerinden energiýany almakda peýdalanylyp bilner. Emma ony bölüp almagyň kynlygy çylşyrymly tehnologiýa hem-de arassa süýji suw gerek.

Angliýanyň Mançester uniwersitetiniň we Awstraliýanyň Melburn uniwersitetiniň işgärleri şeýle enjamyň nusgasyny döretdiler, ol çygly howadan suwy ýygnamaga ukyplydyr hem-de bary-ýogy 4 göterim çyglylyk derejesinde hem işläp bilýär.

Enjam elektrolizeriň nusgalygy bolup, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden alynýan elektrik togunda işleýär, howanyň düzümindäki suwy özüne sorup, bir wagtda elektroliti saklamak üçin gap bolup hyzmat edýär.

Geçirilen barlaglar enjamyň kanagatlanarly işleýändigini görkezdi.

Ylmy-barlagyň netijeleri Nature Communications žurnalynda çap edildi.

Ýene degişli makalalar

Alymlar: ýaşy 50-den geçýän adamlar üçin internet ulanmak peýdaly
Aýsbergleriň Eremegi Dünýäniň Ýuwaş Aýlanmagyna Sebäp Bolýar
Kanadada iň tiz surata alýan kamera döretdiler
Hytaýly alymlar Ewerestiň ösýändigini anykladylar
Alymlar uçýan robot-garga döretdiler
Dünýädäki agaçlaryň üçden bir bölegine ýok bolmak howpy abanýar