Alymlar haýwanlaryň ýok bolup barýan görnüşlerini Aýa ibermegi teklip etdiler

Alymlar haýwanlaryň ýok bolup barýan görnüşlerini Aýa ibermegi teklip etdiler

Amerikaly alymlar Ýeriň biodürlüligini gorap saklamak boýunça adaty bolmadyk usul oýlap tapdylar. Olar Aýda ýitip ýok bolýan haýwanlaryň nusgalary üçin saklawhana döretmegi teklip etdiler. Bu howanyň üýtgemegi, tebigy betbagtçylyklar, ilatyň artykmaç artmagy, gorlaryň gutarmagy, uruşlar, durmuş-ykdysady we beýleki töwekgelçilikler döräýen ýagdaýynda olary goramak üçin kepillik bolup biler.

Hünärmener munuň üçin jandarlaryň nusgalarynyň kriokonserwasiýasy usulyny ulanmagy hödürleýärler. Şunda olaryň gabynyň berk we şöhlelenmeden goramagy gerekdir. Nusgalaryň ýaşaýşa ukyplylygyny goldamak üçin olary Selsiý boýunça minus 196 gradusda ýa-da ondan-da pes derejede saklamak gerek, şeýle temperaturanyň Aýyň käbir ýerlerinde bar bolmagy mümkin diýip, alymlar belleýärler.

Alymlar howanyň üýtgemegi netijesinde janly-jandarlaryň köp böleginiň wagtyň gelmegi bilen Ýer ýüzünden ýok boljakdygyny aýdýarlar. Munuň öňüni almak üçin ekoulgamlary goramak babatda şeýle ädime ýüz urmak gerek diýip, BioScience neşiri ýazýar.

Kriokonserwasiýa usuly öýjükleri ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda doňdurmak arkaly ýaşamaga ukyply derejede saklamaga mümkinçilik berýär. Onda diňe haýwanlaryň seýrek görnüşlerini däl, ösümlikleri, mikroplary we beýlekileri hem saklamak bolýar. Nusgalaryň doňuny çözüp, olardan DNK-lary alyp bolar. Emma şunda biosaklawhanany adamyň dolandyrmagy gerek, ol elektrik energiýasyna we hemişelik suwuk azot bilen üpjünçiligine gözegçilik etmeli bolar.

Ýeri gelende aýtsak, şwed alymlary şu asyryň aýagyna çenli süýdemdirijileriň 500-den gowrak görnüşiniň doly ýok boljakdygy barada netijä geldiler diýip, MIR 24 ýazýar. Hünärmenler oňa Ýerde altynjy beýik ýok bolmak diýip at berdiler.

Ýene degişli makalalar

DNK, organizmanyň ähli özbolyşlyklaryny kesgitleýän genleri özünde jemleýär.
Iň şöhleli smartfonlaryň sanawy neşir edildi
Fransiýa Ukraina harby topar ugratdy
Dünýäde iň uly ýeralma kädi bolup çykdy
2009-njy ýylda ABŞ-da talaňçylykda we adam öldürmekde aýyplanan Türkmenistanyň raýaty 19 ýyl möhlete türme tussaglygyna höküm edildi
Adamyň DNK-synda dinozawrlar döwrüniň wirusy tapyldy