ABŞ-nyň Ogaýo ştatynyň uniwersitetiniň, Miçigan uniwersitetiniň we Maks Plank Jemgyýetçiliginiň demografiýa institutynyň işgärleri 4500-den gowrak uly ýaşly adamlaryň we olaryň 3700-den gowrak çagalarynyň saglyk taryhyny seljerdiler. Lukmançylyk ýazgylary 1948-nji ýyldan 2014-nji ýyla çenli döwürleri öz içine alýar diýip, nkj.ru habar berdi.
Ylmy gözleg birbada iki nesli deňeşdirmäge mümkinçilik berdi.Her nesil 31 ýaşdan 80 ýaşa çenli analiz edildi.Ylmy işiň awtorlary, esasan, adamyň agramynyň boýuna laýykdygyny, artykmaçdygyny ýa-da tersine - aşa hordugyny görkezýän bedeniň agram indeksi bilen gyzyklandylar.
Mälim bolşy ýaly, bedeniň agram indeksi, mundan başga-da, semizlik bilen artykmaç agramy tapawutlandyrmaga hem mümkinçilik berýär.Ylmy barlagyň netijesine görä, kämillik ýaşyna kadaly agramda ýeten we ýaşy gaýdyşdygyça agramy kem-kemden artan, ýöne semizlik derejesine ýetmedik adamlar has uzak ýaşapdyrlar.
Olardan soň bütin ömrüne kadaly agramyny saklan adamlar orun aldy. Üçünji ýeri ömrüniň dowamynda hemişe artykmaç agramda bolanlar we bütin ömrüne kadaly agramyň iň pes çäginden gezenler (hor, ýöne aç-açan patologiýasy bolmadyk) eýeledi.
Bulardan soň kämillik ýaşyna artykmaç agram bilen ýetip, ýaşynyň gaýdyşmagy bilen horlanan adamlar ýerleşdi.Iň soňunda 31 ýaşyna çenli eýýäm semiz bolup, ýaşy ulaldygyça agramy has-da artan adamlar beýlekilerden has az ýaşapdyrlar diýlen netijä gelindi.
Adamlaryň beden agramy ömrüň dowamynda dürli ýagdaýda üýtgeýär.Kimler ýaşlygynda semiz bolup, soň horlanyp bilýärler; kimler ýaşy ulaldygyça semreýärler; kimler bolsa ömrüniň dowamynda şol bir agramda galýarlar.Ylmy barlagçylaryň maksady ömrüň dowamlylygynyň beden agramynyň dinamikasy bilen baglanyşygyna düşünmekden ybarat boldy.