
Howanyň üýtgemegi günüň dowamlylylygynyň uzalmagyna getirdi. Muňa Proceedings of the National Academy of Sciences (PNAS) ylmy žurnalynda çap edilen ylmy-barlaglaryň netijeleri güwä geçýär diýip, Gazeta.ru ýazýar.
Ylmy makala görä, soňky onýyllyklarda howanyň üýtgemegi buzluklaryň hem-de buz galkanlaryň eremeginiň çaltlanmagyna getirdi, bu bolsa, öz gezeginde deňziň derejesiniň ýokarlanmagyna we suwlaryň guşaklyklardan ekwatora tarap ýerini üýtgetmegine sebäp boldy. Bu hem öz nobatynda 1900-njy ýyldan bäri günüň uzalmagyny görnetin artdyrdy.
Ylmy-barlaglarda ortaça wagt üýtgemeginiň ýüzýyllykda bir millisekuntdan sähel artyk bolandygy bellenýär. Häzir Ýerde günüň dowamlylygy 86,4 müň sekunda deňdir.