
Italiýanyň Federiko II uniwersitetiniň Jowanna Muskojuriniň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary giç oýanmak bilen süýji keseliniň arasynda baglanyşygyň bolup biljekdigini öňe sürýärler. Bu barada Ferra.ru habar berýär.
Bu töwekgelçilikli baglanyşyk bilen bagly geçirilen barlaglara ortaça ýaşy 52 bolan meýletinçileriň 172-si gatnaşdy.
Hünärmenler gatnaşyjylaryň beden ölçegleri we beýleki şahsy maglumatlar bilen baglanyşykly maglumatlary ýygnadylar. Olaryň ukusy Pittsburg indeksi diýlip atlandyrylýan ölçegde hasaba alyndy.
Barlaglaryň netijesinde alymlar agşamky hronotipiň kardiometabolik keseller üçin töwekgelçilik faktory diýen netijä geldiler.