Alymlar gen redaktirleme tehnologiýasyny ulanmaklyk arkaly, düwnük keseliniň täze bejergi usulyny tapdylar

Alymlar gen redaktirleme tehnologiýasyny ulanmaklyk arkaly, düwnük keseliniň täze bejergi usulyny tapdylar

Tel-Awiw uniwersitetiniň alymlary düwnük keseline garşy täze bejeriş usulyny döretmeklik üçin CRISPR atly gen redaktirleme tehnologiýasyny ulandylar. Başlangyç synaglar bu usulyň täsirliliginiň aşa ýokarydygyny görkezdi.

Tel-Awiw uniwersitetiniň mugallymlary düwnük keselini bejermeklik babatynda täze ösüş gazandylar. Alymlar CRISPR atly gen redaktirleme tehnologiýasynyň kömegi bilen düwnük keselini bejermekligiň täzeçe usulyny döretdiler. Tel-Awiw uniwersitetiniň mugallymlary bu täze işlerini Science Advances žurnalynda çap etdiler.

Alymlar CRISPR-iň ölüm howply düwnük keselini ýok etmeklik mümkinçiliginiň bardygyny aýtdylar.

CRISPR adaty şertlerde bolup biljek zyýanly genetiki näsazlyklary düzetmeklik üçin işlenip düzüldi. Şeýle-de bolsa, alymlar öz ylmy gözleglerinde munuň düwnük keseline garşy derman bolup biljekdigini mälim etdiler. Alymlar düwnük keselini täze lipid nanopartikul esasly paýlaýyş ulgamy diýlip atlandyrylýan ulgam bilen nyşana alyp, düwnük öýjüklerini hereketsiz öldürip boljakdygyny ýüze çykardylar.

Neşir edilen makalada alymlar tarapyndan işlenip düzülen täze ulgamyň nähili işleýändigi hem agzaldy. Şoňa laýyklykda alymlar CRISPR Cas9 fermentine habar ibermeklik we fermenti düwnük öýjüklerine gönükdirmeklik üçin nanobölejikleri ulandylar. Ferment molekulýar gaýçy hökmünde öýjügiň DNK-syny kesmegi amala aşyrýar.

Alymlar ulgamyň ölüm derejesi iň ýokary bolan iki görnüşli düwnük keseliniň glioblastomasyny we metastatik ýumurtga keselini nyşana alyp, muny subut etmäge synanyşdylar. Syçanlarda geçirilen ylmy synag täze CRISPR usulynyň diri galmaklyk derejesini iki esse ýokarlandyrýandygyny görkezdi.

Makalanyň awtorlarynyň biri, professor Dan Peer munuň himiýa bejergisi däldigine we düwnük öýjüginiň hereketsiz ýagdaýda öldürilmegine ünsi çekdi. Şeýle hem alymlar CRISPR ulgamynyň geljekde beýleki kesellere edýän täsirini öwrenerler.

Ýene degişli makalalar

BMG-niň gullugynyň başlygy Günbatar Şerianyň uruş zolagyna öwrülendigini duýdurdy
Hamas Ysraýylyň Ylalaşygyň Öňüne Bökdençlikler Goýýandygyny Beýan Etdi
Tel-Awiwde Bolan Partlamada 1 Adam Ýogaldy
“ABŞ, Ysraýylyň Edýän Jenaýatlarynyň Şärigi”
Ysraýylly Ýesirleriň Hossarlary Tel-Awiwde Protest Aksiýasyny Geçirdi
ABŞ Ýakyn Gündogara Harby Uçar Gämisini Ugratdy
ABŞ Ýakyn Gündogara Harby Uçarlaryny Ornaşdyrdy