Häzirki zaman şäher tilkileri zyýan berijiler hasaplansa-da, täze ylmy-barlaglar olaryň haçan-da bolsa bir wagt adamyň iň ýakyn dosty bolandygyny subut etdi diýip, Rambler.ru ýazýar.
Alymlar Argentinanyň Patagoniýasyndaky biziň eýýamymyzdan öňki 450-nji ýyl bilen senelenýän gadymy mazarlardan tapylan galyndylary öwrendiler. Olar gadymy tilkileriň adamlar bilen bile ýerlenendiginiň üstüni açdylar.
Geçirilen ylmy seljermeler adam bilen tilkiniň iýmitiniň meňzeş bolandygyny görkezdi, bu bolsa, olaryň ýygjam gatnaşykda bolandygyna güwä geçýär.
Tilkileriň Dusicyon avus diýen ýitip ýok bolan görnüşi göwresi babatda owçarka iti bilen deňdir. Oksford uniwersitetiniň alymlarynyň gatnaşmagynda geçirilen ylmy derňewler netijesinde tilkiniň geçmişde awçylaryň öý haýwany bolandygyny görkezdi.
Alymlar häzirki zaman itiniň peýda bolmagy tilkileriň öý haýwany hökmünde ornuny ýitirmegine sebäp bolupdyr diýip hasaplaýarlar.