Ylymdaky açyşlar köp halatda maksatnamalaýyn işler we özüňden öňküleriň işlerine daýanmak bilen baglydyr, munuň birdenkä ylham gelmegi bilen bagly ýeri ýokdur. Bu barada alymlar IOP Publishing neşirýaty tarapyndan çap edilen Alymlaryň we inženerleriň täzelikçi açyşlary atly ylmy neşirinde belleýärler. Bu barada Gazeta.ru habar berýär.
Ewrika! (Tapdym!) diýen pursat bilen bagly gürrüňler, ýagny beýik oýlap tapyjynyň birdenkä täze enjam döredýändigi, beýik alymyň birden beýik deňlemäni ýazga geçirmek üçin iş stoluna ylgamagy ajaýyp taryha meňzeýän bolsa-da, hakykat ýüzünde döredijilik, köplenç, özüňden öňküleriň işlerine esaslanýan hem-de uzak wagta çekýän agyr zähmetdir diýip, innowasiýalary öwreniji Dennis Şerwud düşündirýär.
Kitabyň awtorlary Kestleriň taryhy diýlip häsiýetlendirilýän kanuna ýüzlenmek bilen, täze ylmy pikirleriň öň bar bolan, emma özara baglanyşmadyk ylmy garaýyşlaryň netijesinde döreýändigini ýazýarlar.Muňa mysal hökmünde, Albert Eýnşteýniň ylmy döredijiligini mysal getirse bolar.
Köpçülikleýin medeniýetde otnositellik teoriýasy ýalňyz geniniň döredijiligi hökmünde häsiýetlendirilýär, emma işiň asyl nusgasyny açyp görseň welin, onuň Jeýms Makswell we Henrik Lirens ýaly köpsanly öňki alymlaryň ylmy işlerine salgylanandygyny görmek bolýar.