Alymlar COVID-19 ýokanjynyň täze görnüşiniň geň alamatyny agzadylar

Alymlar COVID-19 ýokanjynyň täze görnüşiniň geň alamatyny agzadylar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasy koronawirus ýokanjynyň jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda adatdan daşary ýagdaý däldigini resmi taýdan yglan etse-de, ýokanç hiç ýerä gitmedi hem-de ýaýramagyny dowam edýär. Mysal üçin, golaýda onuň täze FluQE diýlip at berlen görnüşi belli boldy diýip, Rambler.ru ýazýar.

Ýokanjyň bu görnüşi bilen kesellänler, esasan, ABŞ-da, Awstraliýada hem-de Beýik Britaniýada hasaba alyndy. Hünärmenler käbir hassalarda koronawirusyň beýleki görnüşlerine mahsus bolmadyk alamatlary ýüze çykardylar. Gürrüň aýaklaryň çişmegi we olaryň garalmagy barada barýar. Bu alamatlar aýratyn hem ýaşlarda peýda bolýar. Şeýle hem elleriň barmaklarynyň çişýändigi habar berilýär.

Adamlaryň köpüsi hiç zat duýmaýarlar we tä aýaklarynyň (ýa-da elleriniň) reňkiniň üýtgändigini hem-de çişendigini görýänçäler, özlerinde koronawirusyň bardygyny bilmeýärler diýip, alymlar belleýärler.

Ýene degişli makalalar

Alymlar yssy sebäpli ýaşaýyş üçin ýaramsyz boljak sebitleri agzadylar
Gazada 885 Saglygy Goraýyş Işgäri Ýogaldy
Gazada Ýogalanlaryň Sany 33 Müň 899 Adama Ýetdi
Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentine Bütindünýä saglyk güni mynasybetli gutlag iberdi
Dünýäde mergä garşy sanjymlar gutardy
BSGG-nyň resmi wekili Türkmenistanda saparda bolar