Alymlar COVID-19-a genetiki taýdan çydamly adamlary gözleýärler

Alymlar COVID-19-a genetiki taýdan çydamly adamlary gözleýärler

Halkara barlag topary SARS-CoV-2-ä genetiki taýdan çydamly adamlary tapmak isleýär. Olar bu adamlary goraýan genleri kesgitlemegiň COVID-19-dan diňe bir goraman, eýsem, onuň ýaýramagynyň öňüni alýan wirusa garşy dermanlaryň taýýarlanylmagyna hem ýardam berjekdigine ynanýarlar. Bu barada UfaTime.ru habar berýär.

Ilki bilen alymlar uzak wagtlap näsag adam bilen gatnaşykda bolan, ýöne kesellemedik adamlary gözlemekçi. Hususan-da, olar esasy ünsi kesel ýokuşan adam bilen bir öýde ýaşaýan we bir düşekde ýatýan adamlara gönükdirer diýip, Nature ýazýar.

Braziliýadan Gresiýa çenli dünýäniň 10 gözleg merkezinden bolan hyzmatdaşlar topary eýýäm bu talaplara laýyk gelýän 500 töweregi dalaşgäri toplady. Olaryň makalasy mundan iki hepde ozal “Nature Immunology” žurnalynda çap edilenden soň bolsa, ýene 600 dalaşgär olar bilen habarlaşdy diýip, çeşme belleýär.

Ylmy barlagyň dowamynda awtorlar genleriň gözleginde COVID-19-y geçiren adamlaryň genomlaryny we oňa garşy durnukly adamlaryň genomlaryny deňeşdirerler. Islendik dalaşgär-gen öýjükli we haýwan modellerinde öwreniler.

Ýene degişli makalalar

Alymlar: ýaşy 50-den geçýän adamlar üçin internet ulanmak peýdaly
Dünýädäki agaçlaryň üçden bir bölegine ýok bolmak howpy abanýar
Hytaýly alymlar Ewerestiň ösýändigini anykladylar
Ewerest dagy ösýär
Alymlar uçýan robot-garga döretdiler
Polatdan iki esse berk polimer döredildi
Alymlar howadan ýangyç öndürýän enjam döretdiler