Alymlar: buzluk kölleriň artmagy 15 million adama howp salýar

Alymlar: buzluk kölleriň artmagy 15 million adama howp salýar

Dünýäde 15 million adam buzluklaryň eremegi netijesinde sil joşgunlarynyň döräp biljek sebitlerde ýaşaýar. Bu barada TASS habarlar gullugyna salgylanýan Belta.by saýty ýazýar. Bu barada Täze Zelandiýanyň Kenterberri uniwersitetiniň metbugat gullugy habar berdi.

Habarda 1990-nj ýyldan bäri buzluk kölleriň göwrüminiň we sanynyň okgunly artýandygy bellenýär. Şunlukda golaý geljekde buzluk kölleriň hanasyndan agmagy netijesinde sil joşgunlary döräp, 15 million adama how salyp biler. Bu barada ylmy-barlaglaryň awtorlarynyň biri Tomas Robertson gürrüň berýär.

Ilatyň şeýle howpa uçrap biljek toparlarynyň ýarysy Hindistana, Pakistana, Hytaýa we Peruwa degişlidir. Günorta Afrikanyň Andlary hem az öwrenilendigi sebäpli alymlary biynjalyk edýär. sebäbi Gimalaýlarda we Aziýanyň beýleki daglyk ulgamlarynda buzluk kölleriň sany 1990-njy ýyldan bäri 37 göterim köpelen bolsa, Andlarda ol 93 göterime deňdir.

Ýene degişli makalalar

Özbegistanyň daglarynda Ýüpek ýolunyň ýiten şäherleri tapyldy
Hytaý emeli adada iň iri howa menzili gurmakçy
Russiýanyň Prezidentiniň saýlawlaryna dört dalaşgär gatnaşar
Niderlandlarda Wan Goguň nakgaşlyk eseri satuwa çykarylar
Şazada Uilýam Patyşa Karl III borçlarynyň bir bölegini alar
Günorta Koreýada bazardaky ýangynda 227 dükan ýandy
Berliniň üstünde asman jisimi partlady