Alymlar arylaryň kömegi bilen koronowirusy sanlyja sekuntda anyklamagyň ýoluny tapdylar

Alymlar arylaryň kömegi bilen koronowirusy sanlyja sekuntda anyklamagyň ýoluny tapdylar

Wageningen uniwersitetiniň Entomologiýa barlaghanasynyň we InsectSense startapynyň alymlary Tuluzadaky (Fransiýa) Pol Sabatier uniwersitetinde işleýän kärdeşleriniň goldawy bilen arylara koronowirus ýokanjyny ys arkaly saýgarmagy öwretdiler. Bu barada agroxxi.ru habar berýär.

Terjibe işleri Pawlow usuly boýunça geçirildi. Onuň dowamynda arylara her gezek ýokanjyň ysyny saýgaranda şeker bilen sylaglanyldy.

Wagtyň geçmegi bilen arylar şekersiz hem yslary saýgarmak ukybyny gazandylar. Şeýlelikde, alymlar olarda keseli birnäçe sekuntda anyklamak ukybyny ýüze çykardylar. Tejribe işlerinde 150 arydan peýdalanyldy.

Bu gözlegleriň netijesinde BeeSense tehnologiýasy hem işlenip taýýarlanyldy. Ol arylary öwrenýän çalymdaş gurluşdan ybaratdyr.

Ýene degişli makalalar

Parižlilere bu gezek ýeňiş gazanmak kyn düşmedi
Üçüsem 3 utugy 3 gol bilen gazandylar
“Bawariýa”, “Real Madrid”, “Barselona” hem-de “Ýuwentus” öňdeligi eýeleýärler
Professional däl klub ýarym finala çykdy
17 müň ýyllyk saz guraly tapyldy
Wulkan partlamasy boldy