Meksikaly alymlar arassa howanyň koronawirusyň ölüm howply derejesini azaltmaga ukyplydygyny kesgitlediler. Geçirilen derňew işiniň çäginde olar COVID-19-yň bir kub metr gaz garyndysynda her mikrogram bölejikler üçin 8% ýokarlanýandygyny anykladylar. Bu barada oane.ws belläp geçýär.
Hapa howa bedeniň kesele garşy göreşijilik ulgamyny ep-esli gowşadýar.Netijede, ynsana wirus ýa-da bakteriýa keselleri aňsatlyk bilen ýokuşyp biler.Ylmy işiň awtorlarynyň bellemegine görä, bu COVID-19-y hem öz içine alýar. Şu mesele boýunça Gonkong uniwersitetiniň hünärmenleri hem derňew geçirdiler.
Olar Hytaýda howanyň hapalanma derejesiniň koronawirusyň geçijiligine nähili täsir edýändigine baha berdiler.Derňew üçin 1-nji ýanwardan 1-nji aprel aralygynda alnan maglumatlar peýdalanyldy. Şeýlelikde, howanyň hapalanmagy bilen ýokanjyň ýaýrama tizliginiň ýokarlanýandygy anyklanyldy.