Durmuşda şowlulyk, üstünlik gazanmak diňe adamyň akyl derejesine däl, eýsem, onuň özüne erk edişine hem baglydyr diýip, Moskwanyň Lomonosow adyndaky Döwlet uniwersitetiniň bilimiň psihologiýasy we pedagogika kafedrasynyň müdiri Aleksandr Weraksa hasaplaýar.
Düşünjelilik bu, elbetde möhüm. Emma has zerur zat biziň öz mümkinçiliklerimizi näderejede ulanmak ukybymyza baglydyr. Men durmuşda rowaçlyk gazanmak üçin diňe akyl ýeterlik däl diýerdim diýip, alym Gazeta.ru saýtynyň habarçysy bilen söhbetdeşliginde nygtady.
Onuň sözlerine görä, özüňe erk etmek başarnygy bar bolan mümkinçilikleri dogry ulanmak, wagtynda tijenmek, üýtgeşmelere dessine uýgunlaşmakdyr.
Geçirilen köpsanly ylmy-barlaglar hatda ýokary intellektual derejeli adamlaryň hemişe üstünlik gazanyp barmaýandygyny görkezdi diýip, Weraksa nygtady.