Alymlar 2024-nji ýylyň tomsunyň çakdanaşa yssy boljakdygyny duýdurýarlar

Alymlar 2024-nji ýylyň tomsunyň çakdanaşa yssy boljakdygyny duýdurýarlar

2024-nji ýyl synlamalaryň bütin taryhynda iň yssy bolup, geçen ýylyň rekordyndan ozdurar. Bloomberg habarlar gullugy tarapyndan pikiri soraşylan hünärmenler şeýle pikiri aýtdylar diýip, Regnum.ru ýazýar.

Hünärmenler üstümizdäki ýylda howanyň gyzmagyna El-Nino tebigat hadysasynyň täsir etjekdigini aýdýarlar, ol Ýuwaş ummanyň ekwator böleginde suwuň üstüniň gyzmagyna getirer.

Planetada howanyň temperaturasynyň ýokarlanmagyna täsir etjek ikinji ýagdaý adamyň işidir, şol sanda gazylyp alynýan ýangyjyň ýakylmagydyr, ol öz gezeginde howada parnik gazlaryň artmagyna sebäp bolýar.

Deslapky bahalandyrmalara görä, şu ýyl zeminde howanyň ortaça temperaturasy 1,3-1,6 gradus gyzar.

BMG-niň Meteorologiýa guramasynyň maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylyň tomsy howanyň ýagdaýyny synlamalaryň bütin taryhynda iň yssy pasyl boldy.

Ýene degişli makalalar

Planetanyň klimatyny halas etmäge 275 trillion dollar zerur
Turkish Airlines sentýabr aýynda hepdede iki gezek ýolagçy gatnawyny amala aşyrar, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasyna täze rezolýusiýany işläp düzmegi teklip etdi, Awazada nobatdaky kenarýaka festiwaly geçiriler Turkish Airlines awiakompaniýasy
Warner Bros II çärýegi arassa ýitgi bilen tamamlady
Coca-Cola alyjylary ýalňyşdyrmakda aýyplandy
Ertir “planetalaryň ýörişi” bolar
Kosmos barada täze maglumatlary toplady