Alyjylaryň pikiri boýunça iň gowy awtomobiller belli edildi

Alyjylaryň pikiri boýunça iň gowy awtomobiller belli edildi

“Consumer Reports” neşiri dürli kategoriýalarda iň gowy 10 awtomobilden ybarat bolan ýyllyk reýtingini çykardy. Top-10 ulag eýelerinden pikir soraşmanyň esasynda we abraýly hünärmenleriň pikirini göz öňünde tutmak bilen düzüldi diýip, njcar.ru habar berýär.

Consumer Reports analitikleri her ýyl amerikan bazaryndaky 250-den gowrak ulag modeline baha berýärler.Awtomobiller esasy dört ölçeg boýunça bahalandyrylýar: ygtybarlylyk, howpsuzlyk, şeýle-de ulag eýeleriniň kanagatlanyş derejesi we ulagyň ekologiýa düzgünlerine laýyk gelşi. Şeýlelikde, ykjam awtomobil kategoriýasynda Toyota Corolla sedany ýeňiji boldy, Mazda CX-30 ýangyjy az harçlaýan iň gowy krossower hökmünde bellendi.

Toyota Prius gibrid segmentinde ýeňiş gazandy.Iň gowy orta göwrümli sedan kategoriýasynda birinji orny Toyota Camry eýeledi.Subaru Forester bassyr sekizinji gezek iň gowy ykjam krossower diýlip ykrar edildi, adaty ýoldan daşary uniwersallaryň segmentinde Subaru Outback ýeňiji boldy. Üç hatar doly ölçegli SUV kategoriýasynda birinji orny Kia Telluride, kiçi pikaplaryň arasynda birinji orny Honda Ridgeline eýeledi.

Lexus RX iň gowy orta göwrümli premium krossoweri boldy, Tesla Model 3 bolsa elektromobilleriň arasynda birinji orny eýeledi. Şeýle-de, şu ýyl markalaryň arasynda ýeňijiler Mazda (80 bal) bilen BMW (78) boldy.

Reýtingiň üçünji ornuny Subaru (76) bilen Porsche (76) paýlaşdy.Honda kompaniýasy 10 punkt ýokary galyp, Lexus brendi bilen bäşinji orny paýlaşdy.Iki marka hem 75 bal gazandy.

Ýene degişli makalalar

Täze nesil Lexus LX SUV awtoulagy 14-nji oktýabrda tanyşdyrylar
Gibrid ulaglaryň sany artýar
Ýylyň iň gowy awtomobili 2022 bäsleşiginiň finalçylary belli boldy
Ýaşy 3 ýyl bolan iň ygtybarly awtomobiller belli edildi
Toyota dünýäde satuwy boýunça Volkswagen-den 1 mln ulag öňe geçdi
Has rahat oturgyçly täze awtomobilleriň sanawy düzüldi
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli dabaralar