29-njy iýunda türkmen paýtagtynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň başlyklygynda üstünlikli geçirilen altynjy Hazar sammiti 2022-nji ýylyň esasy syýasy wakalarynyň biri boldy. Geosyýasy we geoykdysady taýdan möhüm orny eýeleýän Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň ýokary derejedäki duşuşygy dünýäniň habar beriş serişdeleriniň ünsüni özüne çekdi. Bu barada TDH ýazýar.
Türkmen paýtagtynda geçirilen sammit baradaky habary ilkinjiler bolup, Russiýanyň “TASS” we “PИA Новости”, Türkiýäniň “Anadolu”, Eýranyň “IRNA”, “Mehrnews” habarlar agentlikleri, “BRICS” ýurtlarynyň “TV BRICS” halkara media ulgamy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Azerbaýjanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri habar berdiler hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň gatnaşmagynda geçirilen forumyň ýokary derejesini nygtadylar.
Altynjy Hazar sammitiniň gün tertibine girizilen möhüm meseleler köp sanly daşary ýurt neşirleriniň üns merkezinde boldy.Russiýanyň vesti.ru elektron gazeti Hazarýaka döwletleriň Liderleriniň ýakynlaşmak, ilkinji nobatda, senagat we ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda ýakynlaşmak barada ylalaşandyklaryny habar berdi. Şunda bäş ýurduň ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň hem-de Hazar deňzindäki adatdan daşary ýagdaýlara, adamlaryň ýaşaýşyna we abadançylygyna ýaramaz täsir edýän tebigy hem-de tehnogen hadysalara garşy durmakda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygy bellenildi.
Russiýanyň “TASS” döwlet federal habarlar agentligi öz sahypalarynda forumda deňziň ekoulgamyny gorap saklamak boýunça has netijeli işleri geçirmek üçin degişli şertnama-hukuk binýadyny döretmek işini çaltlandyrmagyň möhümdiginiň nygtalandygyny beýan etdi.
Italiýanyň “Agenparl” metbugat agentligi Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň Prezidentleriniň Hazar deňzinde dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini, şeýle-de Hazarýaka ýurtlaryň Baştutanlarynyň öňki duşuşyklarynda kabul edilen çözgütleriň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşýandyklaryny habar berdi.
Meşhur elektron neşirler Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň maglumatlaryna salgylanmak bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Hazar deňzi sebitinde berk, uzak möhletli hem-de bitewi howpsuzlygyň üpjün edilmegini bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli bolmagynyň baş şerti we esasy wezipesi hökmünde kesgitländigini ýazdylar.
“МИР” döwletara teleradiokompaniýasynyň meşhur serişdeleri — “МИР 24” teleýaýlymy hem-de maglumat-seljeriş internet portaly, sng. today, centralasia.news saýtlary Aşgabat sammitiniň işi, onda beýan edilen teklipler hem-de forumyň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklar barada giňişleýin maglumatlary berdiler.
Azerbaýjanyň “Report” habarlar agentligi hem öz okyjylaryny Aşgabatdaky wakalar bilen dessin tanyşdyryp, forumyň dostlukly döwletleriň özara hormat goýmak, birek-biregiň bähbitlerini nazara almak esasyndaky hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilendigini belledi.
“Eýran-türkmen gatnaşyklary hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara ynanyşmak ýörelgeleri esasynda okgunly ösdürilýär” diýip, “IRNA” habarlar agentligi öz sahypalarynda ýazýar.
Gazagystanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habar bermeklerine görä, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew häzirki wagtda, däp bolan logistik zynjyrlaryň bozulýan ýagdaýynda Ýewropany, Merkezi Aziýany we Hytaýy birleşdirýän üstaşyr geçelgeleriň ösdürilmegi üçin Hazarüsti halkara ugruň ornunyň has-da artýandygyny belledi.
“Euronews” habarlar teleýaýlymy bäş ýurduň Liderleriniň jemleýji Beýanaty kabul edendiklerini we onda sebitiň serişdelerini Hazarýaka ýurtlaryň hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk ýörelgeleri esasynda, parahatçylykly maksatlarda ulanjakdyklary barada aýdylýandygyny habar berdi.