ALTYN ZAMANADA, AJAP DÖWÜRDE WYSAL BOLDY PYRAGYNYŇ ARZUWY

ALTYN ZAMANADA, AJAP DÖWÜRDE WYSAL BOLDY PYRAGYNYŇ ARZUWY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki Ýaşlyk çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Altyn zamanada, ajap döwürde wysal boldy Pyragynyň arzuwy ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde halkymyzyň beýik akyldar ogly Magtymguly Pyragy özüniň baý mazmunly hem-de köptaraply döredijilik mirasy bilen tutuş ömrüni ene topragyna, halkyna hyzmat etmeklige bagyşlan beýik şahsyýet bolandygy barada gürrüň berip, türkmen halkynyň kalbynda we aňynda baky ýaşan beýik şahyryň goşgulary ynsanlarynyň dilinde barha belentde ýaňlanýandygy barada belläp geçdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda beýik şahyrymyz, paýhasly söz ussadymyz Magtymguly Pyragynyň abraý-mertebesini bütin dünýäde belende göterýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Gahryman Arkadagymyzyň suw diplomatiýasy
TÜRKMEN HALK ERTEKILERINIŇ TERBIÝEÇILIK ÄHMIÝETI
Baýdagymyz başymyzyň täjidir, Kanunymyz kalbymyzyň güýjidir
Gölleriňe älem haýran
Akyldar şahyryň goşgulary asylly terbiýäniň çeşmesi
Türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň rowaç menzilleri