Altyn meşhurlygyny ýitirýär

Altyn meşhurlygyny ýitirýär

Geçen aprel-iýun aralygynda altyna dünýä islegi 2023-nji ýylyň ikinji ýarymy bilen deňeşdirilende, 6 göterim azaldy we 929 tonna deň boldy. Bu barada Altyn boýunça Bütindünýä geňeşiniň (World Gold Council, WGC) hasabatyna salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.

Bazary seljerijiler ýagdaýy gymmat metallaryň rekord derejede gymmatlamagy hem-de bir wagtda bezeg şaýlaryna islegiň birdenkä çökmegi bilen baglaýarlar.Netijede, gymmatbaha şaý-sepleriň bahasy 19 göterim arzanlap, 391 tonna deň boldy, bu soňky dört ýylda iň pes görkezijidir. Şol bir wagtda altynyň teklibiniň geçen çärýekde 4 göterim artandygy, 1258 tonna ýetendigi habar berilýär.

WGC guramasynyň maglumatlaryna laýyklykda, bu 2000-nji ýyldan bäri ikinji çärýek boýunça iň ýokary görkezijidir.

Dünýäniň Merkezi banklary bu döwürde portfeli goramak hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak maksady bilen, altynyň ýyl boýunça satyn alşyny 6 göterim, 183,4 tonna çenli artdyrdylar.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň Merkezi banklary oktýabrda 60 tonna altyn satyn aldylar
Murmansk oblastynyň eteginde ýük we ýolagçy otlulary çaknyşdy
Goole firmasynyň Gaza urşunda Ysraýyla emeli aň boýunça gizlin goldaw berendigi ýüze çykdy
Roskosmosda adamzadyň haçan Marsa baryp biljekdigi aýdyldy
BSGG goh-galmagalyň adamyň saglygy üçin howp döredýändigini yglan etdi
“Brest” topary geň galdyrmagyny dowam edýär (habar-seljerme)