“Altyn asyryň” taryhy ýeňşi

Türkmenistanyň çempiony “Altyn asyr” futbol topary taryhynda ilkinji gezek AFK Kubogy ýaryşynda 2-nji tapgyra çykmagy başardy.Mundan 10 gün ozal oýnalan toparçadaky soňky duşuşyklarda “Altyn asyr” myhmançylykda Täjigistanyň “Istiklolyny” 32 hasabynda ýeňdi. Şol oýunda ildeşlerimiz 1-nji ýarymda 20 hasabynda öňe saýlansalaram, 2-nji ýarymyň ahyrky minutlarynda ýer eýeleri hasaby deňledi. Ýöne ruhdan düşmedik türkmen futbolçylary 90+7-nji minutda ýeňiş goluny urup, taryhy başarnyk görkezdi.

Eýýäm ençeme gezek “Altyn asyrdyr” “Ahal” toparlary bilen gabatlaýan “Istikloly” ýeňmek türkmen toparlaryna ilkinji gezek başartdy (Mikalaý Zýanko 83, Ahtam Nazarow 90+1 p — Furkat Tursunow 1, Zafar Babajanow 45+4, Mihail Titow 90+7. Şol günki oýunlarda “Ahal” topary-da myhmançylykda “Alaý Oşdan” (Gyrgyz Respublikasy) 32 üstün çykyp, toparçany ýeňiş bilen tamamlapdy (Alia Sylla 17 p, Şohmurad Mansurow 23 — Myrat Annaýew 42 p, Güýçmyrat Annageldiýew 66, Begenç Akmämmedow 90+3 p).

“Altyn asyr” 2016-njy ýylyňfinalçysy bilen duşuşarŞu hepdäniň çarşenbe güni “Altyn asyr” toparyna öz zolagynda, ýagny Merkezi Aziýa zolagynda 1-nji ýeri eýeländigi üçin ýaryşyň kiçi Kubogy gowşuryldy. Şeýle-de şol gün “Altyn asyryň” ýaryşyň çärýek finalyndaky garşydaşy-da bije arkaly mälim edildi.

Bijä laýyklykda, aragatnaşykçylar çärýek finalda Günorta Aziýa zolagynyň ýa-da “E” toparçanyň ýeňijisi “Bengaluru” (Hindistan) topary bilen duşuşar.Düzüminde “Hetafe” we “Raýo Wallekanoda” adygan wenesuelaly hüjümçi Mikunyň, şol sanda-da 5 sany ispan futbolçysy bolan “Bengaluru” topary AFK Kubogy ýaryşynda 2016-njy ýylda finala çykypdy.“Altyn asyr” bilen “Bengalurunyň” arasyndaky 1-nji duşuşyk 22-nji awgustda Hindistanyň Bangalor şäherindäki Sri Kanteerwa stadionynda oýnalar.

Jogap duşuşygy-da 29-njy awgustda Balkanabatda geçiriler.Bu duşuşykda ýeňiş gazanan klub Inter zolagynyň finalyna çykar.Zolagyň finalynda-da garşydaşy Demirgazyk Koreýanyň “April 25” topary ýa-da ASEAN zolagynyň finalçysy bolar.

Inter zolagynyň ýeňijisi-de Günbatar Aziýa zolagynyň ýeňijisi bilen 27-nji oktýabrda oýnalmagyna garaşylýan AFK Kubogynyň finalynda duşuşar.

Ýene degişli makalalar

AFK-nyň kubogy ― 2021: Altyn asyr Täjigistana 28 futbolçy bilen gitdi
AFK-nyň kubogy ― 2021: Alaý ― Altyn asyr duşuşygynyň esasy düzümi
AFK-nyň kubogy ― 2021: Alaýdan rüstem gelen Altyn asyr ilkinji ýeňşini gazandy
AFK-nyň kubogy ― 2021: Ýazguly Hojageldiýew Nasaf bilen duşuşykda esasan ýaş oýunçylara mümkinçilik berdi
AFK-nyň kubogy ― 2021: Altyn asyr ilkinji duşuşygynda utuk ýitirdi
9 golly oýnuň ýeňijisi “Altyn asyr”