
Aşgabadyň Altyn asyr futbol kluby Rumyniýanyň Braşow şäherindäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda ilkinji halkara ýoldaşlyk duşuşygyny üstünlikli geçirdi. Türkmen topary Rumyniýanyň çempionatynyň ikinji diwizionynda çykyş edýän Metaglobus kluby bilen duşuşdy.
Jankoyer.com.tm. internet neşiriniň habar bermegine görä, oýun 1:0 hasabynda Altyn asyryň peýdasyna tamamlandy. Duşuşykdaky ýeke-täk gol 22-nji minutda Myrat Annaýew tarapyndan penaltiden uruldy.
Bu oýun Altyn asyr üçin AFK Çempionlar ligasy 2 halkara ýaryşyna taýýarlygyň bir bölegi boldy. Ýaryşyň toparçalaýyn tapgyryna çykmak üçin aýgytlaýjy oýun 14-nji awgustda Kalkutta şäherinde geçirilip, onda Altyn asyr Hindistanyň Ist-Bengal topary bilen duşuşar.
Bellenilişi ýaly, Altyn asyr Rumyniýadaky OTÝ-niň çäginde ýene-de birnäçe ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirer.