“Altyn Asyr” uly hasaply ýeňiş gazandy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 20-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirilip, onda iň golly duşuşyk “Altyn Asyr” bilen “Aşgabat” toparlarynyň arasyndaky oýunda hasaba alyndy.

Paýtagtymyzdaky “Nusaý” stadionynda geçirilen duşuşyk 7:1 hasabynda “Altyn Asyryň” peýdasyna tamamlandy. Bu duşuşykda netijeli urgularyň ikisini geçiren Altymyrat Annadurdyýew möwsümdäki gollarynyň sanyny 22-ä ýetirip, iň köp top geçiren oýunçylaryň arasynda öňdäki orny eýelemegini dowam edýär.

“Altyn Asyryň” çempionlyk ugrundaky esasy bäsdeşi “Ahal” topary bu tapgyrda garaşylmadyk ýagdaýda utuk ýitirdi. Said Seýidowyň tälim berýän topary “Aşgabat” stadionynda geçirilen duşuşykda “Energetigi” ýeňip bilmedi 1:1.

Türkmenbaşyda ýerli “Şagadam” bilen “Köpetdagyň” arasyndaky duşuşykda hasap açylmady. Bu toparlaryň üçünji orun ugrunda ýiti göreş alyp barýandyklaryny bellemek gerek.

Balkanabatda geçirilen duşuşykda “Nebitçi” Mary welaýatynyň “Merwini” 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Şeýlelikde, geçirilen oýunlardan soň 49 utuk toplan “Altyn Asyr” ýaryş tertibinde birinji orny eýelemegini dowam edýär. 40 utugy bolan “Ahal” ikinji orunda barýar. Garşydaşyna garanyňda “Ahalyň” bir duşuşygy az geçirendigini ýatladýarys. 31 utuk toplan “Şagadam” üçünji orny eýeleýär.

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 21-nji tapgyrynyň duşuşyklary 24-nji oktýabrda geçirilip, onda “Köpetdag” “Merw”, “Nebitçi” “Altyn Asyr”, “Aşgabat” “Ahal” hem-de “Energetik” “Şagadam” toparlary duşuşarlar.

20-nji tapgyryň duşuşyklarynyň netijeleri:

“Şagadam” “Köpetdag” 0:0

Duýduryş: 75 Baýramgeldi Nurlyýew (“Şagadam”)

Geçirilen ýeri: “Şagadam” stadiony (Türkmenbaşy ş.)

Duşuşygyň emini: B.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: B.Atdyýew (Tejen ş.), M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: B.Haknazarow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş.)

“Nebitçi” “Merw” 2:0

Gollar: 40 Azat Garajaýew (11 m.j.u.), 70 Hemra Gulyýew (“Nebitçi”)

Duýduryşlar: 4 Myratberdi Berenow, 25 Alibek Abdurahmanow, 25 Amangylyç Koçumow, baş tälimçi (“Nebitçi”) 9 Serdar Annamämmedow, 31 Azat Orazmuhammedow, 43 Tirkiş Muhammetberdiýew (“Merw”)

Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Balkanabat ş.)

Duşuşygyň emini: A.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.), Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: A.Annamyradow (Balkanabat ş.)

Gözegçi emin: G.Öwezow (Aşgabat ş.)

“Altyn Asyr” “Aşgabat” 7:1

Gollar: 13 Mihail Titow, 38 Ahmet Ataýew, 45, 51 Altymyrat Annadurdyýew, 48 Begenç Akmämmedow, 54 Gurbangeldi Batyrow, 90 Zafar Babajanow (“Altyn Asyr”) 65 Hakmuhammet Bäşimow (“Aşgabat”)

Duýduryşlar: 29 Mekan Saparow, 78 Ahmet Ataýew, 82 Gurbangeldi Batyrow (“Altyn Asyr”) 49 Myrat Amantaganow (“Aşgabat”)

Geçirilen ýeri: “Nusaý” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: S.Gurbanow (Balkanabat ş.)

Kömekçi eminler: N.Garajaýew (Aşgabat ş.), E.Annamyradow (Balkanabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)

“Ahal” “Energetik” 1:1

Gollar: 10 Pirmyrat Sultanow (“Ahal”) 67 Aşyr Jumadurdyýew (“Energetik”)

Duýduryş: 39 Akmyrat Jumanazarow (“Energetik”)

Geçirilýän ýeri: “Aşgabat” stadiony, merkezi meýdan (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: Ç.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: P.Pälwanow (Daşoguz ş.), A.Jumaýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: M.Seýitgulyýew (Aşgabat ş.)

Çempionatyň tablisasy XX tapgyrdan soň:

T/b

Toparlar

O

Ý

D

U

T

U

1.

“ALTYN ASYR” FK

20

15

4

1

55-14

49

2.

“AHAL” FK

19

12

4

3

35-13

40

3.

“ŞAGADAM” FK

20

8

5

5

27-22

31

4.

“KÖPETDAG” FK

20

7

7

6

19-14

28

5.

“AŞGABAT” FK

19

5

5

9

20-36

20

6.

“MERW” FK

19

6

2

11

20-30

20

7.

“NEBITÇI” FK

20

6

2

12

19-42

20

8.

“ENERGETIK” FK

19

2

3

14

16-42

9

Ýene degişli makalalar

TÝL ― 2023: 10-njy tapgyryň eminleri belli boldy
TFÇ ― 2024: 17-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler
TFÇ ― 2024: 14-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler
Türkmenistanyň futbol çempionaty ― 2024: 13-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler
Türkmenistanyň futbol çempionaty: 5-nji tapgyryň duşuşyklary barada maglumatlar paýlaşyldy
TÝL ― 2023: Merwi ýeňen Ahal üçünji orun bilen aralygy 2 utuga çenli ýygyrdy
TÝL ― 2023: iki tapgyryň çäginde üç duşuşyk geçiriler