'Altyn Asyr' türkmen köli taslamasy näme üçin şowsuz boldy?

'Altyn Asyr' türkmen köli taslamasy näme üçin şowsuz boldy?

15-nji iýulda Altyn Asyr’ türkmen kölüniň birinji tapgyrynyň dabara bilen açylmagynyň üstünden 15 ýyl geçdi. Resmi metbugat şonda Garagum çölünde ýerleşýän kölüň 15 ýylyň içinde suw bilen dolduryljakdygyny aýdypdy. Ýöne häzirki wagtda iň täze satellit suratlary emeli kölüň ýerleşýän ýerinde gurap ýatan takyr meýdany görkezýär.

Dünýä Türkmenleri programmamyzyň nobatdaky sany Garagum çölüni bagy-bossanlyga öwürmegine bil baglanan täze türkmen kölüne bagyşlanýar.

“Gynansak-da, soňky üç ýylyň dowamynda Garagum çölüniň çägesiniň yzygiderli göçmegi zerarly, türkmen kölüne barýan zeý suw akabalary gömüldi, gazuw işlerini geçirmek üçin ýeterlik tehnika ýok, ozal alnan tehnikalar, ekskawatorlar bireýýäm döwüldi” diýip, türkmen kölüniň töweregindäki ýagdaýlardan habarly bir ýerli synçy aýdýar.

“Döwlet metbugaty hem bu emeli köl hakda habar bermegi bes etdi. 2018-2020-nji ýyllarda öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň kölüň töwereginde Gün elektrik stansiýasyny we täze döwrebap obalary gurmak barada aýdan sözleri hem kagyz ýüzünde galdy” diýip, synçy sözüniň üstüni ýetirýär.

Iki müň inedördül kilometr meýdany tutmaly köl çöllük sebitleriň florasyny we faunasyna düýpgöter üýtgedip, janly-jandarlar üçin hem täze amatly şertleri döretmelidi.Köl kenarlaryna täze guşlaryň göçüp gelmegine umyt baglandy.

Köle barýan suw akabalarynyň ýakalarynda bolsa, daýhançylyk hojalyklarynyň döredilmegine, oba hojalyk işjeňliginiň artdyrylmagyna umyt baglandy. Ýöne, satellit suratlary kölüň ýerleşýän ýerinde, häzirki wagtda, hamala, suwsap ýatan, tap-takyr meýdany görkezýär.

Onlaýn kartalarda kölüň diňe demirgazyk we günorta böleklerinde ýygnalan ujypsyz suwlary görmek bolýar.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa meseleleri boýunça bilermeni Brýus Pannieriň 24-nji iýulda Azatlyk Radiosy bilen telefon interwýusynda aýdyşy ýaly, çöllük ýurtlarda ýaşaýan halklar suwa teşne bolýar. Olar suw bilen baglanyşykly islendik taslamany özleri üçin örän gymmatly hasaplaýarlar. Megerem, hut şonuň üçin, türkmen köli, daşky gurşawy goraýjylaryň beýan eden aladalaryna garamazdan, ilat arasynda gyzyklanma döretdi we goldaw tapdy.

Panniere görä, bu taslamanyň baş maksady owal başda döwlet ýolbaşçylaryny şöhratlandyrmakdan ybarat bolupdy: emeli kölüň gurluşygyna girişmek bilen, ilkinji nobatda döwlet baştutanlylary şöhratlandyryldy, ikinji nobatda çöl ilatynyň suw teşneligi göz öňünde tutuldy.

Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hallynyň 24-nji iýulda Azatlyk Radiosyna gürrüň bermegine görä, türkmen köli owal başda ylmy-barlaglar göz öňünde tutulman girişilen şowsuz synanyşyklaryň biri boldy.

Sanlar

Resmi metbugatda emeli köl barada käbir sanlar hödürlenýär.Bu köl Balkan we Daşoguz welaýtalarynyň araçäginde, Gaplaňgyr goraghanasynyň günbatar alkymynda ýerleşýär.Goraghana Sarygamyş kölüni-de, Altyn Asyr kölüni-de öz içine alýar.

Kölüň uzynlygy 103 km, ini 18,6 km, suw sygymlylygy 132 milliard kub metr.Türkmen kölüne uzynlygy 720 kilometr bolan Baş şor suw akabasy arkaly Lebap, Mary we Ahal welaýatlarynda ýygnalan zeý suwlary, şeýle-de uzynlygy 381 km bolan we öňki Uzboý derýasynyň hanasynyň ugry bilen çekilen Daşoguz şor suw akabasy arkaly demirgazyk sebitde ýygnalan zeý suwlary baryp guýýar.

Bu kollektorlara goşulýan zeýkeşleriň umumy uzynlygy 2654 kilometr.

Göräýmäge, bu batyrgaý taslama Türkmenistanyň çäge deňzini suw deňzine öwürmelidi: irki ýyllarda, iri şor suw akabalary çekilende bu akabalaryň geljekde Amyderýa birikdirilmek ähtimallygy we bu suw akabalarynyň üsti bilen Amyderýanyň suwunyň türkmen kölüne akdyrylmak ähtimallygy bilen bagly aladalar beýan edildi.

Taryhy çeşmelere görä, gadymy döwürlerde Uzboý, ýagny Oguzboý derýasy hem Amyderýadan gözbaş alyp, Hazar deňzine guýupdyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda Uzboý derýasynyň geçýän ugrunda Daşoguz şor suw akabasy guýuldy. Bu akaba hem, ýokarda belleýşimiz ýaly, Baş kollektor bilen birleşip, türkmen kölüne baryp guýýar.

2009-njy ýylyň 15-nji iýulynda Garaşor çöketliginde Altyn Asyr türkmen kölüniň birinji tapgyry açyldy. Açylyş dabarasyna öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Teşnelik

“Taslamanyň baş maksady Türkmenistanyň ýolbaşçylaryny şöhratlandyrmakdan ybaratdy, dogry dälmi?Howanyň yssysynyň 50 derejä çenli çykyp bilýän ýerlerine, çöl-beýewana suw çekip, ol ýerleri bagy-bossanlyga öwürmek göz öňüne getirseň, ajaýyp eşidilýär!

Dünýäniň gurak we yssy sebitlerinde ýaşaýan adamlarda şuňa meňzeş arzuwlar bolýar. Ýöne, bu taslama boýunça tä başdan bäri bir topar problemalar boldy. Şol döwürlerde, Özbegistan bu kölüň suwunyň nirelerden alynjakdygy, onuň çeşmeleri barada biraz aladalandy.

Türkmen häkimiýetleri diňe zeý suwlarynyň çöketlikde jem ediljekdigini aýtdylar.Olar bu ýere Amyderýanyň suwuny akdyrmajakdyklaryny aýtdylar. Ýöne, daşky gurşawy goraýjylar we gidrologlar hem bu taslama boýunça alada bildirdiler” diýip, Merkezi Aziýa meseleleri boýunça bilermen Brýus Pannier Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow kölüň birinji tapgyrynyň açylyşynda sözlän sözünde ata-babalaryň “suw ýygnanyp köl bolar, köp ýygnanyp, il bolar” sözlerine salgylandy we türkmen kölüniň kenar ýakalarynda ýakyn geljekde täze şäherleriň, etraplaryň, obalaryň dörejekdigine ynam bildirdi.

Ol täze mekanyň bagtyýar eýeleri boljak raýatlaryň bu toprakda jenneti miweleri ösdürip ýetişdirjekdiklerini aýtdy.Bu ýerlerde şor suwlaryny süýji suwlara öwürjek desgalar toplumynyň peýda boljakdygyny öňe sürdi.

On bäş ýyl ozal aýdylan sözler, görnüşinden, metbugat sahypalarynda we wideo kadrlarda galdy. Çöllük sebitde täze-täze şäherçeler, etraplar we obalar giňelmedi. Şeýle-de, çölüň içinde şor suwlary süýji suwlara öwürýän desgalar ulgamy hem peýda bolmady.

Gümürtiklik

“Bu gaty bir gümürtik proýekt, ýagny nämä esaslanýandygy belli däl.Owaly bilen, şol köl, ilkibaşda, Türkmenistanyň zeýkeşlerinden jemlenen suwy şol ýerde jemlemek maksady bilen göz öňünde tutulypdy.

Ikinjiden, eger ol türkmen çölüni gülzara öwürjek bolsa, onuň ýanynda adam bolmaly, şäher bolmaly, millet bolmaly, eger-de adam bolmasa ol suw çöli gülzara öwrüp bilmeýär.Ol nireden öwürsin?

Ol suwy ulanmaly, ekin üçin ulanmaly, beýleki hajatlar üçin ulanmaly, ýöne ilkibaşda-da aýtdylar: şol kölüň ähmiýetiniň bolmajakdygyny, şol köle edilýän çykdajylaryň zaýa boljakdygyny owal-başda-da aýtdylar” diýip, Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally aýtdy.

Aslynda, Altyn Asyr kölüni gurmak boýunça taslamalar garaşsyzlygyň has irki ýyllarynda öňe sürüldi. Metbugat arhiwlerine görä, bu taslamanyň gurluşygyna 2000-nji ýylyň 31-nji awgustynda badalga berildi. Şeýle-de, türkmen köli Araly halas etmeginiň sebit maksatnamasyna-da girizildi.

Bruýs Panniere görä, 2009-njy ýylda birinji tapgyry açylan kölüň we oňa baryp guýýan kollektorlaryň gurluşygy boýunça irki ýyllarda öňegidişlikler gazanyldy. Ýöne, howanyň üýtgemegi bilen bagly global aladalaryň arasynda, hususan-da soňky ýyllarda emeli kölüň töweregindäki öňegidişlikler yza tesip başlady.

Çeşmeler

“Meniň gören satellit suratlarym ol ýerlerde suwuň az bolandygyna yşarat edýär.Suwuň derejesi, çen bilen 10 ýyl öňküsinden, ep-esli aşaklapdyr.Ol ýerde tas hiç zat galmandyr diýen ýaly.

Mundan beýläk hem, eger has köp ýagyş ýagaýmasa häzirki ýagdaýlardan çen tutulsa, howanyň has ygally boljagy gümana has köp ýagyş ýagaýmasa, bu köl suw çeşmelerinden mahrum bolar.Talyban’ demirgazyk Owganystandaky kanalyň, Koştepa kanalynyň gurluşygyny tamamlasa, Amyderýanyň suwy has-da azalar. Şonuň üçin, eger-de howanyň üýtgemegi tersine işläp, Türkmenistana has köp, ýygy-ýygydan ýagyş ýagyp başlaýmasa, türkmen kölüniň suw çeşmeleri has-da azalar.

Bu taslama gutardy; ol ýerde indi iň soňky suw damjasynyň bugaryşyna syn edäýmek galýar” diýip, Pannier aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan bir ýerli synçy hem, Pannieriň satellit suratlary barada aýdanlaryny tassyklap, soňky sapar özüniň 2021-nji ýylda Google Kartasy arkaly bu desgada az hem bolsa köl suwlaryny görüp bilendigini aýtdy.

“Kölüň tutýan meýdany häzirki wagtda şorlaşyp, azajyk ýerinde suw bolan bir hendegi ýadyňa salýar. Kartadan syn etseň, onuň ýanynda Sarygamyş köli, hamala, deňiz ýaly bolup görünýär” diýip, ýerli synçy aýtdy.

Zähmet

Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally çöl-beýewany gülzarlyga öwürmekde adam faktorynyň, ynsan zähmetiniň uly ähmiýete eýe bolýandygyny aýtdy.

“Çöli gülzara öwürmek üçin, oňa adam güýji gerek, adam eli gerek, adamyň zähmeti gerek. Şol zähmet bolmasa, onda hiç zat gülläp bilmeýär.Eger-de, hakykatdan-da Garagum çölüni gülzara öwürjek bolsaň, onda häzirki zaman tehnikasynyň, soňam, suwy örän tygşytly ulanýan ýurtlaryň tejribesine esaslanmak gerek. Şol esasada ekerançylyk alnyp barylsa, şol esasda ýer özleşdirilse, suwa-da berk sarpaly garalsa, belki-de şonda gülzarlyk bolup biler, çöl şertlerinde” diýip, türkmen ýazyjysy aýtdy.

Öňki ýyllarda Azatlyk Radiosy köle guýýan kollektorlaryň geçýän ugurlarynda ýerleşýän ilatly nokatlaryň öz ýaşaýan ýerlerinden göçürilmegi barada habar beripdi.

2019-njy ýylyň fewralynda Gyzylarbat etrabynyň Akýaýla geňeşliginiň ýaşaýjylary kölüň gurluşygynyň dowam edýän ýyllarynda özleriniň ýaşaýan sebitlerinden mejbury göçürilendiklerini aýtdylar.

Merkezi Aziýa boýunça bilermen häzirki howa şertlerinde kölüň, ýa-da kollektorlaryň ýakalaryndaky ilatly nokatlarda ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da amatsyzlaşandygyny çaklady.

“Taslama babatynda tä başda alada bildiren adamlar, görnüşinden, mamla bolup çykdy.Merkezi Aziýada ygal azalyp başlady, bu bolsa kollektorlaryň çölde bugarjak suwlary bir ýere ýygnajakdygy barada öňe sürlen pikirlere garşy gidýär.

Dogrusy, indi ol ýerlerde suw tas ýok diýen ýaly.Elbetde, ol ýerde desga guruldy, ýöne desgany suwdan dolduryp bilmediler.Ol ýerlerde indi kimler ýaşaýar, bilmedim.Ol ýerlerde kimdir biri ýaşaýan bolsa, olar üçin örän amatsyz bolýandyr” diýip, Pannier aýtdy.

'Bagt işi'

Ýöne onuň ynanjyna görä, tankytlara garamazdan, bu taslama daşky gurşaw jähtden örän wajyp taslama bolup, çöl şertlerinde özboluşly mikroklimaty döredip biljek taslama bolupdy, ýöne bu synanyşyk şowsuz tamamlandy.

“Eger muny gurup bilen bolanlarynda, bu örän oňat bolardy!Bu köl özboluşly mikroklimaty emele getirerdi, kölüň daş-töwereginde amatly ýaşaýyş şertleri dörärdi. Ýeterlik mukdarda suw bolanda, megerem, ol ýerlerde howa biraz salkynlaşardy, oba hojalyk işleri bilen meşgullanmaga şert dörärdi. Ýöne, dogrusy, başdan bäri, bu taslama amala aşyryp boljak taslama bolmandy bu esasan bagt işine garaşly bolup geldi” diýip, Pannier aýtdy.

Döwlet metbugaty 2019-njy ýyla çenli mahal-mahal hem bolsa, Altyn Asyr türkmen kölüniň gurluşygy barada habar berip gelýärdi. Ýöne soňky ýyllarda şeýle habarlar juda seýrekleşdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan ýerli synçynyň sözlerine görä, onsuz hem Türkmenistanda obalardan şäher ýerlerine göçüş meýilleri göze ilýär, adamlar obalary terk edip şäherlere ýerleşmäge çalyşýarlar. Şeýle şertlerde, adamlaryň öz ýaşaýan sebitlerini terk edip, çölüň içine, kölüň ýakalaryna göçüp barmagy göz öňüne-de getirip boljak zat däl. Üstesine, ýolbaşçylar zeý suwlaryndan emele gelen emeli kölde we kollektorlarda balykçylyk hojalyklarynyň ösdürilmegini ündeýärler. Ýerli synçynyň ynanjyna görä, kollektorlar onsuz hem ekerançylyk ýerlerinden syzylyp çykan we gerbisidlerden hem-de pestisidlerden, şeýle-de azot, fosfor ýaly mineral dökünlerden gerk-gäbe doýan zeý suwlaryndan emele gelýär.

Onuň sözlerine görä, şeýle suwlarda ýetişen balygyň sarp edilmegi ynsan saglygyna hatda zyýanly hem bolup biler.

Brýus Pannier dünýäde howanyň üýtgemegi bilen bagly dowam edýän global aladalaryň arasynda türkmen kölüniň hyýala öwrülip barýandygyny aýdýar. Ol bu taslamany durmuşa geçirmek işleriniň ugruna bolmandygyna ünsi çekýär.

Arzuw

“Çöl içinde adam eli bilen ýasalan ýaýlalar beýik arzuw boldy.Islendik çöl ýaşaýjysy munuň gymmatyna düşünýär, ýöne bu taslama başdan bäri başa barmasy kyn synanyşyk boldy.Bu köp zadyň ugruna gitmegine, jüpüne düşmegine garaşly boldy we görnüşinden, ugruna bolmaly işleriň hiç haýsy ugruna bolmady.

Aslynda, howanyň üýtgemegi bilen, ýagdaýlar bu proýekte girişilen günleri bilen, 15-20 ýyl ozalky şertler bilen deňeşdirilende has-da ýaramazlaşdy” diýip, Pannier aýtdy.

Pragada ýaşaýan ýazyjy we synçy Hudaýberdi Hally hem dünýäde dowam edýän suw kynçylyklaryna ünsi çekýär we Türkmenistanda durmuşa geçirilýän şu hili taslamalarda ylmyň gazananlaryna eýermegiň ähmiýetini belleýär.

“Näme üçindir Türkmenistanda ylmyň aýdýanyna, öňdengörüjilik bilen aýdylýan pikirlere, öňe sürülýän idealara ýeterlik ähmiýet berilmeýär.Häzirki döwürde, meselem, ýerasty suwlaryň azalýandygy aýdylýar, bütin dünýä boýunça. Şu ýagdaýy Türkmenistanyň nazara almagy gerek.

Ikinjiden, süýji suw meselesi, akarsuw meselesi: ol hem gaty gymmada düşýär, eger-de häzirki wagtda Owganystandaky Koştepe kanaly doly gurulsa hem öz güýjünde işläp başlasa, onda Amyderýanyň suwunyň azyndan dörtden bir bölegi, ýa-da üçden bir bölegi ýiter, azalar diýip aýdýarlar.

Diýmek, akarsuw Türkmenistanda azaljak ekeni. Şol şertler göz öňünde tutulyp, häzirki bar bolan ekerançylyk ýerlere, suwarymly ýerlere barýan kanallar, ýaplar, tygşytly ulanylsa, şonuň ýitgisi azaldylsa, ol örän gowy bolardy. Şol bir köle, töwereginde hiç bir adam, ýa-da şäher bolmadyk ýere suw jemläniňden, şol puly ynsanyň bar ýerine, zähmetkeşiň ýaşaýan ýerindäki akarsuwlara bolan ýitgini azaltmak meselesine ünsi çekseler, işiň gowy tarapyna bolardy diýip, pikir edýärin.

Ikinjiden-de, ekologiýa meselesine üns berlerdi” diýip, Hudaýberdi Hally aýtdy.

Metbugat arhiwlerine görä, Altyn Asyr türkmen kölüniň gurluşygynyň umumy bahasy takmynan 4,5 milliard ABŞ dollaryna barabar boldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Garagumyň ummasyz baýlyklary
Çöllük ýerleri özleşdirmek meseleleri we daşary ýurtlarda geçirilen ylmy barlaglara syn pudaklaýyn žurnalyň sahypalarynda beýanyny tapdy
08.05.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Altyn asyr Türkmen kölüniň çäginde täze obanyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
Jemgyýetçilik pikirleri dünýä arenasyny 'ýakyndan synlaýar', raýat raýdaşlygy 'ösýär'
Türk metbugartynyň gysgaça mazmuny
Hakan Fidan, Gollandiýaly Kärdeşi Bilen Duşuşdy