"Altyn Asyr" sim kartalary satmagy bes etdi, täze mobil operatory "Aý Nazaryň" işe giriziljekdigi barada gürrüň edilýär

"Altyn Asyr" sim kartalary satmagy bes etdi, täze mobil operatory "Aý Nazaryň" işe giriziljekdigi barada gürrüň edilýär

“Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň Lebap welaýatyndaky edarasynda müşderilere täze sim kartalaryň satylmagy bes edildi. Kärhananyň Lebapdaky hünärmenleri munuň sebäplerini ýurtda "Aý Nazar" atly täze öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň işe girizilmegine garaşylýandygy bilen düşündirýärler. Bu aralykda, kärhananyň Aşgabatdaky edarasy öz hyzmatlary üçin müşderilerden tölegleri kabul etmegi togtatdy. Munuň bilen bir wagtda, ýurtda mobil aragatnaşyk hyzmatlarynyň hili pese gaçýar.

Lebapdaky habarçymyzyň maglumatlaryna görä, “Altyn Asyryň” welaýatyň administratiw merkezi Türkmenabat şäherindäki edarasynda işleýän hünärmenler indi iki aý bäri täze sim kartalaryň gelmeýändigini gürrüň berdiler.

Şeýle-de, häzirki wagtda mobil telefonlarynda pul serişdesi gutaran müşderileriň aragatnaşyk hyzmatlary kesilýär. Müşderiler mobil telefonlaryň gaýtadan işlemegi üçin zerur bolan pul serişdesini diňe kompaniýanyň ofislerine baryp salyp bilýärler. Ol bir gije-gündiziň dowamynda müşderiniň sim kartasyna geçirilýär.

"Altyn Asyryň" ofislerindäki resmiler bu ýagdaýlaryň sebäpleri barada ilata resmi düşündiriş bermeýärler. Ýöne Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan hünärmenleriň sözlerine görä, munuň sebäpleri ýurtda "Aý Nazar" atly täze öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň işe girizilmegine garaşylýandygy bilen baglanyşykly.

"Häzirki wagtda "Altyn Asyryň" doly ýapyljakdygy ýa-da onuň ygtyýarlyklarynyň täze "Aý Nazar" kompaniýasyna geçirilip, adynyň üýtgediljekdigi barada gürrüň edilýär. Ýolbaşçylar munuň şu ýylyň sentýabrynda, Garaşsyzlyk baýramynda belli boljakdygyny aýdýarlar" diýip, "Altyn Asyryň" efirde adynyň tutulmazlygyny soran bir hünärmeni habarçymyza gürrüň berdi.

Bellesek, “Altyn Asyr” ýurtda mobil hyzmatlaryny hödürleýän ýeke-täk öýjükli aragatnaşyk ulgamy bolup, ol ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti görnüşindäki kärhanadyr. 2017-nji ýyla çenli ýurtda ýene bir, has takygy “MTS-Türkmenistan" mobil aragatnaşyk operatory hyzmat edýärdi. Şol ýylyň tomsunda türkmen häkimiýetleri bu operatoryň ýurtda iş alyp barmak boýunça şertnamasynyň möhletini uzaltmakdan ýüz öwürdiler.

Bellesek, "Aý Nazar" atly täze öýjükli aragatnaşyk ulgamyny işe girizmegiň planlaşdyrylýandygy barada türkmen hökümeti we media serişdeleri ilkinji gezek şol döwür, ýagny 2017-nji ýylyň 23-nji iýunynda geçirilen hökümet mejlisinde gürrüň gozgapdylar.

Şol mejlisde türkmen hökümeti “Aý Nazaryň” “Aşgabat şäher telefon ulgamy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň düzüminde döredilýändigini habar berdiler.

Şonda Azatlygyň hökümete ýakyn ynamdar çeşmesi Türkmenistanda täze döredilýän mobil aragatnaşyk ulgamynyň “Aý Nazar” adynyň Aýnabat we Nazar diýen adamlaryň atlaryndan alynýandygyny aýdypdy.

"Olar mobil bazaryna ýurduň prezidentiniň ýakyn töwerekleriniň goldawy esasynda, erkin we kanuny bäsleşik düzgünlerini bozmak bilen, ýokardan ornaşdyrylýar" diýip, çeşmämiz belläpdi. Türkmen häkimiýetleri bu maglumaty häzire çenli ne tassykladylar, ne-de inkär etdiler.

Şondan bäri türkmen hökümeti we media serişdeleri bu täze mobil aragatnaşyk ulgamy​ barada gürrüň gozgamadylar.

Ýöne “Altyn Asyryň” Türkmenabatdaky edarasynyň ​hünärmenleri ​täze ulgamyň şu ýylyň sentýabrynda işe girizilmegine garaşylýandygyny aýdýarlar. Olar täze ulgamyň işe girizilmegi bilen, welaýatdaky "Altyn Asyr" kärhanasynyň işgärleriniň 50%-niň işden boşadylmalydygy barada buýrugyň gelip gowuşandygyny hem belleýärler.

"Häzir haýsy hünärmenleriň işde galmalydygy we kimleriň işden boşadylmalydygy öwrenilýär. Lebapda "Altyn Asyryň" jemi 1230 çemesi işgäri bar. Olaryň 600 töwereginiň işden boşadylmagyna garaşylýar" diýip, lebaply hünärmen aýtdy.

Bu aralykda, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy "Altyn Asyr" kärhanasynyň öz hyzmatlary üçin müşderilerden tölegleri kabul etmegi bes edendigini habar berýär. Onuň sözlerine görä, sim kartasynda pul gutaran adamlar aragatnaşyksyz we Internetsiz galýarlar.

Azatlygyň bu aýdylanlar barada “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasyndan we "Türkmenaragatnaşyk" agentliginden goşmaça maglumat almak boýunça eden yzygiderli synanyşyklary netije bermedi.

Şeýle-de, Lebapdaky we paýtagtdaky habarçylarymyz mobil aragatnaşyk hyzmatlarynyň hiliniň pese gaçandygyny hem habar berýärler.

Olaryň sözlerine görä, aragatnaşyk yzygiderli kesilýär. Sim kartadaky puly barlamak hyzmaty we mobil hasaby doldurmak işlemeýär. Kärhananyň 8888 belgi bilen karz alyp bolýan hyzmatlary hem elýeterli däl.

Habarçylarymyz Internetiň tizliginiň hem öňküsinden-de pese gaçandygyny aýdýarlar. Onlaýn telewideniýeleri açyp bolmaýar. Ortaça 1 gigabaýt göwrümindäki filmi planşeta göçürmek üçin 13 sagat çemesi wagt gerek bolýar. Bu bökdençlikler indi bir aý bäri dowam edýär.

“Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasy Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň we "Türkmentelekom" Döwlet elektrik kompaniýasynyň kararlary esasynda 2004-nji ýylyň iyun aýynyň 10-na döredildi. Kärhana Bütindünýä öýjükli aragatnaşyk assosiýasynyň GSM standartynyň agzasy bolup, TMCELL 43802 indeksli belgisi esasynda resmileşdirilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

TMCELL Täze ýyl arçasy bezelende ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri barada SMS habarnamasyny iberdi
Talyplar üçin: Türkmenistanda okuw tölegiňizi e.gov.tm portaly arkaly onlaýn töläp bilersiňiz
15-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Maryda “Altyn Asyryň” mobil aragatnaşyk hyzmatlarynyň hili pese gaçdy
Türkmenistanda howanyň ep-esli sowamagyna garaşylýar
"Altyn Asyr" mobil operatory Töleg programmasyny täzeledi