Altyn asyr Rumyniýada ikinji ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi

Altyn asyr Rumyniýada ikinji ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi

Şu günler Rumyniýada okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny alyp barýan paýtagtyň Altyn asyr futbol topary bu ýerde ýurduň Konkordiýa topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi.

1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanan duşuşykda ilki ýer eýeleri 34-nji minutda tapawutlandylar. Altyn asyr bolsa bu gola 74-nji minutda Begençmyrat Myradowyň geçiren goly bilen jogap berdi.

Bu duşuşygyň Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleriniň Rumyniýadaky ikinji ýoldaşlyk duşuşygy bolandygyny ýatladýarys. Mundan birnäçe gün ozal geçirilen birinji duşuşykda Altyn asyr Metaglobus toparyny 1:0 hasabynda ýeňipdi.

Altyn asyryň Rumyniýadaky türgenleşikleri şu aýyň ahyryna çenli dowam eder. 16-njy awgustda bolsa topar Türkmenistanyň çempionatynyň üçünji aýlawyna girişer. Häzir Altyn asyryň ýaryş tertibinde ikinji orny eýeleýändigini ýatladýarys.

Ýene degişli makalalar

25.03.2018 | Ildeşlerimiz halkara ýaryşlarda on ýedi medala eýe boldular
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen ýurdumyzyň raýatlarynyň birnäçesine Türkmenistanyň at gazanan sport ussady diýen at dakyldy
Ýaş estrada aýdymçylarynyň Ýylyň parlak ýyldyzy bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlendi
Ýurdumyzyň estrada we höwesjeň aýdymçy ýaşlarynyň arasynda yglan edilen Ýylyň parlak ýyldyzy atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
Begenç Çaryýew 2021-nji ýylyň "Parlak ýyldyzy" boldy
Katar bilen oýnalan deňme-deňlik Türkmenistanyň milli ýygyndysyny pleý-off tapgyra çykardy