“Altyn asyr” ilkinji gezek AFK-NYŇ Kubogynyň finalynda oýnar

Aşgabadyň “Altyn asyr” toparynyň futbolçylary Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň “April 25” toparyny geçirilen iki duşuşygyň netijeleri boýunça ýeňip, ilkinji gezek AFK — 2018-iň kubogy ugrundaky ýaryşyň finalyna çykdy.Iki hepde mundan ozal Phenýanda geçen ilkinji oýun 2:2 hasabynda deňlikde tamamlanypdy. Şu gün “Köpetdag” stadionynda geçirilen jogap duşuşygynda garşydaşlar ýene-de ýeňijini belli etmediler — hasap 1:1 tamamlandy. Ýöne, myhmançylykda geçirilen pökgüleriň sanynyň köp bolmagynyň hasabyna finalda oýnamak hukugyna Türkmenistanyň çempiony mynasyp boldy.

Garşydaşlaryň ikisi hem AFK-nyň Kubogynyň interzolak finalynda ilkinji gezek oýnadylar. KHDR-iň goşunynyň döredilen senesiniň hormatyna atlandyrylan “April 25” topary geçen ýyl diňe interzolagyň ýarym finalyna ýetip, iki oýnuň netijesi boýunça “Bengaluru” hindi toparyndan ýeňildi. Türkmen futbolçylary bolsa häzirki wagta çenli toparçada bir gezek hem saýlanyp bilmändi.

Duşuşygyň öň ýanynda geçirilen metbugat maslahatynda iki toparyň hem baş tälimçileri garşydaşlaryň finala çykmaga mümkinçiliklerine baha berip bilmediler.

“Biz emeli örtük düşelen meýdançalarda köp duşuşyk geçirdik. Aşgabatda bolsa tebigy şertlerde oýnamaly bolar. Şoňa görä-de, toparlaryň mümkinçilikleri barada aýdyp bilmeýärin — diýip, “April 25” toparynyň baş tälimçisi Oýun Son belledi. — Türkmenistana öz güýjümize doly ynanmak bilen geldik. Türkmenistanyň çempiony üçin hem bolşy ýaly, bu oýun biz üçin hem AFK-nyň Kubogynyň ilkinji interzolak finalydyr”.

“Altyn asyr” toparynyň baş tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew aç-açanlyk bilen: “Biziň artykmaçlygymyz jogap duşuşygyny öz meýdançamyzda geçirýändigimizden ybaratdyr. Öz ýeriňde bolsa, aýdylyşy ýaly, arkaň bar.…Öňde boljak duşuşygyň netijesini öňünden hiç kim aýdyp bilmez diýip pikir edýärin” diýdi.

Duşuşyk biziň toparymyz üçin ýeňil bolmady. Myhmanlar ilkinji minutlardan tutuş meýdança boýunça hüjüm edip başladylar we eýýäm, 7-nji minutda hasaby açdylar. Sim Hýon Jin jerime meýdançanyň çäklerine ýetmän pökgini güýçli urdy. Derwezeban pökgini gaýtardy, emma, pökgi göni Han Son Hýoka bardy we ol kellesi bilen tora saldy.

Wakalaryň beýle ýagdaýa öwrülmegine garaşmadyk türkmen futbolçylary dessine hasaby deňlemäge ymtyldylar.Tiz wagtdan olar meýdançada artykmaçlygy ele aldylar. Ýöne garşydaşlara anyk howpuň döredilmegine ýetmedi.Duşuşygyň birinji ýarymynda derwezä howply urlan ilkinji we ýeke-täk pökgini ildeşlerimiz 30-njy minutda urmagy başardylar.

Ol pökgä derwezeban An Taý Son hötde geldi.Myhmanlar, öz gezeginde, arakesmä çenli derwezä 4 howply pökgini urup, ýiti hüjüm etdiler.

Duşuşygyň birinji ýarymy tamamlanyp barýarka, türkmenistanlylar örän howply pursat döretdiler, ol gol bilen tamamlanyp biljekdi. Wahit Orazsähedow derwezeban bilen ýeke-ýekä çykyp, pökgini derwezabanyň üstünden aşyrmak bilen, göräýmäge, dogry karara geldi, ýöne pökgi derwezä barmady.

Şu pursatdan soň, stadiondaky janköýerleriň köpüsinde şu günki duşuşykda biziň toparymyz üçin heniz hemme zadyň ýitirilmändigine ynam döredi.Emma, duşuşygyň ikinji ýarymy başlanan badyna, “Altyn asyr” topary nobatdaky synagy başdan geçirmeli boldy. 54-nji minutda myhmanlar 11 metrlik jerime urga hukuk alyp, üstünliklerini artdyryp bilýärdiler.

Emma, “April 25” toparynyň iň köp pökgi geçiren oýunçysy An Il Bom 11 metrlik jerime urgyny dürs ýerine ýetirip bilmedi. Şu pursatda garşydaş futbolçynyň güýçli depen pökgüsini ökdelik bilen saklamagy başaryp, derwezebanymyz Mämmet Orazmuhamedow öwgä mynasyp boldy.

10 minutdan soň, duşuşygyň emini — Birleşen Arap Emirliklerinden bolan FIFA-nyň emini ýene-de 11 metrlik jerime urgyny belledi, emma bu gezek jerime meýdançalarynda Serdar Annaorazowy ýykandyklary üçin KHDR-niň çempionynyň derwezesine bellenildi. Wahit Orazsähedowyň urgusy dürs bolup, hasap 1:1 deňlendi.

“Altyn asyr” özi üçin bu oňaýly hasaby duşuşygyň ahyryna çenli saklap, şu ýyl Aziýanyň futbol toparlarynyň ýaryşynda ähmiýeti boýunça ikinji derejeli bäsleşikde türkmen toparlarynyň ähli rekordlaryny täzeledi.

AFK — 2018-iň kubogynyň finalyna ýetmek ugrunda ýurdumyzyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň türgenleri, ilki bilen, “D” toparçada Merkezi Aziýa zolak ýaryşynda ýeňiş gazandylar.Bu toparçada 2016-njy we 2017-nji ýyllarda AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň iki gezek finalçysy, Täjigistanyň alty gezek çempiony Duşenbäniň “Istiklol” topary, Oş şäherinden soňky iki ýylyň iň güýçli “Alaý” gyrgyz topary hem-de Türkmenistanyň wise-çempiony we kubogynyň eýesi “Ahal” topary çykyş etdiler.

Soňra interzolak ýarymfinal ýaryşynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň topary iki gezek geçirilen duşuşygyň netijeleri boýunça “Bengaluru” toparyny Bengalorda — 3:2 we Aşgabatda — 2:0 hasabynda ýeňdi. Ine, indi bolsa baş final ýaryşynda “April 25” toparyndan üstün çykdy.

AFK — 2018-iň Kubogynyň finalynda “Altyn asyryň” garşydaşy bu Kubogyň häzirki eýesi “Air Force Club” yrak topary bolar. Bu topar iki duşuşygyň netijesi boýunça Iordaniýanyň “Al-Jaziru” toparyndan üstün çykyp, Günbatar Aziýa zolagynyň ýeňijisi boldy.

Final duşuşygy 27-nji oktýabrda Yrakda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

27.10.2018 | Altyn asyr futbol topary — AFK kubogynyň kümüş baýragynyň eýesi
Altyn asyr futbol topary — AFK kubogynyň kümüş baýragynyň eýesi
03.10.2018 | “Altyn asyr” ilkinji gezek AFK-NYŇ Kubogynyň finalynda oýnar
Täze çempion
taryha göz aýlalyň
taryha göz aýlalyň