
Aşgabadyň Altyn asyr futbol topary Birleşen Arap Emirliklerinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna başlady.
SR9 Event Management gullugynyň metbugat wekilinden habar berlişi ýaly, türkmen toparyny alyp baran uçar Dubaý şäherine üstünlikli gondy.
Topar Ajmandaky Ramada Hotel & Suites myhmanhanasynda ýerleşdi.
Altyn asyryň BAE-däki ýygnanyşygy 31-nji marta çenli dowam eder.
Geçen ýyl Türkmenistanyň çempionatyny ikinji orunda tamamlan topar şu ýyl AFK-nyň kubogyna hem gatnaşar.