“Altyn asyr” AFK Çempionlar Ligasy 2 ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyrynda çykyş eder

Aziýa Futbol konfederasiýasynyň täzeçe atlandyrylan AFK Çempionlar Ligasy 2 (ozalky AFK Kubogy) ýaryşynyň saýlama tapgyryna gatnaşan ýurdumyzyň “Altyn asyr” topary ýeňiş gazanmagy başardy.Türkmenistanyň futbol çempionatynyň wise-çempiony Altyn asyr” myhmançylykda Hindistanyň “Ist Bengal” toparyndan 3-2 hasabynda üstün çykdy. Çekeleşikli geçen oýunda ýer eýeleri Lalhlansanganyň goly bilen ilkinji bolup hasaby açsa-da, ildeşlerimiz gysga wagtda jogap goluny urdy. 18-njy minutda Myrat Annaýew hasaby deňlän oýunçy boldy.

Duşuşygyň 28-nji minutynda Selim Nurmyradow aragatnaşykçylary öňe saýlady. 52-nji minutda Mihail Titow aratapawudy 2 gola çykardy. 59-njy minutda ýer eýelerinden Saul Kresponyň goly hindistanlylara ýeňiş üçin ýeterlik bolmady. Şunlukda, Hindistandan 3-2 hasabynda ýeňiş bilen dolanan “Altyn asyr” topary AFK Çempionlar Ligasy 2 ýaryşynda toparçalarda çykyş etmäge hukuk gazandy.

Saýlama tapgyrynyň ýene bir duşuşygynda Kuweýtiň “Al-Kuwait” topary Bahreýniň “Al-Ahli” toparyny 1-0 hasabynda ýeňip, toparçalarda çykyş etmäge ygtyýar aldy.AFK Çempionlar Ligasy 2 ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyryna 32 klub gatnaşyp, olaryň 27-si gönümel toparçalarda çykyş etmäge hukuk gazanýar.

Galan 5 toparyň 2-si saýlama tapgyryndan gelse, galan 3-si AFK Çempionlar Ligasy Elite ýaryşynyň saýlama tapgyryny geçip bilmedik toparlar bolar.AFK Çempionlar Ligasy 2 ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyrynyň bije çekiliş dabarasy şu gün çekiler.

Toparçalardaky duşuşyklar 17-nji sentýabrda başlap, 5-nji dekabrda tamamlanar.

Ýene degişli makalalar

“Altyn asyr” AFK Çempionlar Ligasy 2 ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyrynda çykyş eder
“Altyn asyr” AFK Çempionlar Ligasy 2 ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyrynda çykyş eder
“Altyn asyr” AFK Çempionlar Ligasy 2 ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyrynda çykyş eder
“Altyn asyr” AFK Çempionlar Ligasy 2 ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyrynda çykyş eder
“Altyn asyryň” AFK Çempionlar Ligasy 2-däki bäsdeşleri belli boldy
15-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti