Futbol boýunça Türkmenistanyň Milli
çempionatynda 19-njy tapgyrda oýnalan 4 duşuşygyň 2-sinde myhmanlar ýeňiş
gazandy. Sanawyň lideri “Altyn asyr” myhmançylykda “Energetikden” 2-0 üstün çykyp, möwsümdäki 14-nji
ýeňşini gazandy. Aragatnaşykçylara ýeňiş getiren gollaryň ikisini-de 30-njy
minutda we penaltiden
90+3-nji minutda Altymyrat Annadurdyýew geçirdi. Bu onuň şu möwsümdäki
19-njy we 20-nji gollary bolup, onuň milli çempionatda geçiren gollarynyň sany
100-e ýetdi.
Şeýle hasap bilen “Ahal” hem
myhmançylykda “Köpetdag” toparyny ýeňmegi başardy. Wise-çempionyň gollaryny Elman Tagaýew (47) bilen Guwanç Abylow (71) derwezä girizdi. “Aşgabat” bilen
“Nebitçiniň” arasyndaky oýunda ýer eýeleri
soňky minutlarda penaltiden tapawutlanyp,
2-1 hasabynda ýeňşini baýram etdi. (Toýmämmet Sähetmämmedow 4, Nazar Towakelow 90+6 p Alibek Abdyrahmanow 33). “Şagadam” bilen “Merwiň” arasyndaky duşuşyk
hem tapgyryň ýeke-täk deňlikde gutaran oýny boldy (Baýramgeldi Nurlyýew 45+1
p Serdar Annamämmedow 62).
Şeýle-de şu gün 20-nji tapgyryň
duşuşyklary geçiriler: “Şagadam”“Köpetdag” (16:15), “Nebitçi”“Merw” (16:00), “Altyn asyr”“Aşgabat” (16:00), “Ahal”“Energetik” (16:00).