Altun: "Ýoluň açyk bolsun Alper Gezerawjy. Buýsan Türkiye, dowamy bolar" diýdi

Altun: "Ýoluň açyk bolsun Alper Gezerawjy. Buýsan Türkiye, dowamy bolar" diýdi

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun sosial media hasabyndan aralarynda Türkiyäniň ilkinji älem giňişligi ýolagçysy Alper Gezerawjy bolan Ax-3 missiýasynyň ýolagçylygyna başlamagyndan soň, sosial media hasabyndan beýanat berdi.

Fahrettin Altun beýanatynda: "Ýurdumyzyň astronawtly ilkinji älem giňişligi ýolagçylygy başlady. Ýoluň açyk bolsun Alper Gezerawjy. Buýsan Türkiye, dowamy bolar" diýip habar berdi.

Aralarynda Türkiyäniň ilkinji astronawty Alper Gezerawjy hem bolan SpaceX älem gämisi, ABŞ-nyň Kennedi älem merkezinden ýerli wagt bilen sagat 16:49-da üstünlik bilen uçuryldy. Älem gämisi uçurylanyndan 36 sagat soň Halkara Emeli hemra bekedine baryp ýeter.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Fahrettin Altun TRT Arap kanalynyň işgärlerine garşy guralan hüjümi ýazgardy
Erdogan Abbas bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Fahrettin Altun: "Netanýahunyň esassyz aýyplamalary netijesiz galar" diýdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny